11 Mart 2021 11:59
Türkiýäniñ Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy general Ýaşar Güler, gury ýer güýçleriniň serkerdesi general Ümit Dündar, Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Adnan Özbal we Howa güýçleriniň serkerdesi general Hasan Küçükakyüz bilen bilelikde . merkezi goşun binasynda “Hojaly gyrgynçylygyñ 29 ýyllygy" atly foto-surat sergisini açdy.
Azerbaýjanyň Stambuldaky Baş konsullygynyň goşantlary bilen açylan sergini aýlanyp gören ministr Akar we serkerdeler foto-suratlar barasynda maglumat aldylar.
Milli goranmak ministri Hulusi Akar: “29 ýyl ozal Hojalyda öldürülen Azerbaýjanly doganlarymyzy hormat bilen hatyralaýarys. Azerbaýjan doganlarymyzy ajysyny ýüregimizde duýmaga dowam edýäris. Hojaly gyrgynçylygyny ýatdan çykarmadyk we ýatdan çykarmadyk. Geçmişi hiç haçan ýatdan çykarmarys ýöne geljegimize bakarys. Hojalyda şehit bolan ähli doganlarymyza Alladan rehnet dileýäris” -diýdi.