turki-ni-milli-ygyndy-topary-sofi-ada-uly-ustunlik-gazandy

Türkiýäniñ milli ýygyndy topary, Sofiýada uly üstünlik gazandy

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilen “Trophy” buzda figuralaýyn typmak çempionatynda Türkiýäniñ milli ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp boldy.

03 Mart 2021 21:18

Türkiýe Buzda Figuralaýyn Typma Federasiýasynyñ başlygy Gökhan Özdemir beren interwýusynda; koronawirus epidemiýasy döwründe bäsleşikleri goýbolsun edilen türgenleriñ köp wagtdan soñ geçirilen çempionatda uly üstünlik gazanmalarynyñ begendiriji we buýsandyryjy bolandygyny aýtdy.

Gökhan Özdemir gazanylan bu üstünligiñ Olimpiýa oýunlarynda hem dowam etmegini tama edýändigini nygtap pandemiýa döwründe türgenlere hemme taraplaýyn goldaw berilendigini aýtdy.

Özdemir, koronawirus epidemiýa garşy göreş çäginde goýulan çäklendirmeleriñ gowşadylmaga başlanmagy bilen türgenleriñ tälimçileri bilen irginsiz zahmet çekendiklerini nygtap: " Türgenlerimiz Milli bäsleşiklere özlerini taýarladylar.Ilki Wengriýada soñ bolsa Sofiýada geçirilen Trophy çempionatda üstünlikli netije aldylar.  Federasiýamyzyñ türgenleri geljegiñ olimpiýada türgenleri bolar.  Bu üstünligiñ Olimpiýa oýunlarynda hem öz beýanyny tapar diýip umyt edýärin diýdi.

Türkiýäniñ Milli ýygyndy topary, Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilen “ Trophy” buzda figuralaýyn typmak çempionatda tapawutly kategoriýalarda  6 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal bolmak bilen jemi 16 medal gazandylar.

Türkiýe, çempionatda gazanan derejeleri bilen 1-nji orny eýeledi

Habarlar