turki-ni-samarkand-s-herind-ki-bas-konsullygy-acyldy

Türkiýäniň Samarkand şäherindäki Baş konsullygy açyldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Samarkand şäherindäki Baş konsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

07 Mart 2021 17:00

Resmi sapar bilen Özbegistana baran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Özbegistanyň Syýahatçylykdan jogapkär wise-premýeri Aziz Abdulhakimow, Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Türkiýäniň Daşkent şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Olgan Bekar we Türkiýäniň Samarkant şäherindäki Baş konsuly Salih Janeriň gatnaşmagynda geçirilen Türkiýäniň Samarkand şäherindäki Baş konsullygynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Samarkant şäherindäki baş konsullygyň Türkiýäniň ata ýurdy bolan Özbegistan bilen hemişelik doganlygyň täze bir nyşanasy boljakdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, baş konsullygyň açylyşynyň boljakdygy baradaky buşlukly habaryň geçen ýyl Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan bilelikde berilendigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Özbegistany ilkinji ykrar eden ýurt Türkiýe Respublikasy boldy we Özbegistanda ilkinji ilçihana açan ýurt hem biz boldyk" diýip habar berdi. 

Samarkantda ilkinji baş konsullygy açmak baradaky karary Türkiýäniň kabul edendigini nygtan Mewlüt Çawuşogly: "Elbetde Özbegistanda her bir missiýamyz möhümdir, emma medeniýetimiziň gadymy şäheri Samarkant şäherinde bu missiýanyň açylmagynyň manysy ulydyr" diýip aýan etdi. 

Gysga wagtyň içinde açylyş dabarasyny gurnan Türkiýäniň Samarkant şäherindäki Baş konsuly Salih Janere minnetdarlyk bildiren Mewlüt Çawuşogly, gysga wagt ozal ýurda ilçi wezipesine Olgan Bekaryň bellenmeginiň Türkiýäniň Özbegistan bilen gatnaşyklara ähmiýet berýändigini görkezýändigini beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Özbegistanda "Hatyn Gyzlar güni" hökmünde bilinýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen gutlady. 

Habarlar