turki-ni-syrnak-wela-atyny-tebigy-gozelligi

Türkiýäniñ Şyrnak welaýatynyñ tebigy gözelligi

Tebigaty söýýänler Şyrnak welaýatynyñ tebigy gözelligine bendi bolýarlar.

20 Mayıs 2022 18:13

Finik harabalary we galasy, Jähennem akarsuwy, Ulu metjidi, Gyzyl medrese, Nuh pygamber, Mem-u Zin we Ysmaýyl Abu’l-İziñ kümmeti we Jizre galasy ýaly köp sanly taryhy we medeni gymmatlyga eýe bolan Şyrnakda syýahatçylyk pudagynyñ ösdürülmegi üçin iş alynyp barylýar.

Şyrnak uniwersitetiniň Syýahatçylyk we myhmanhanalar ýokary okuw jaýy tarapyndan syýahatçylyga täze ugurlar getirmek üçin 3 ýyl ozal durmuşa geçirilen “Durnukly syýahatçylygy diwersifikasiýa etmek, medeniýet we syýahatçylyk ugurlary taslamasy” çäginde şäherde kesgitlenen 10 ýer syýahatçylyk ugurlaryna girizildi.

Guralýan gezelençler bilen şähere gelen myhmanlar, Şyrnagyñ Idil we Güçlükonak etraplarynyñ arasynda orun alýan Jähennem akarsuwy sebitini, ýaýlalary, derýalary, termiki çeşmeleri we jülgeleri baryp görmäge mümkinçilik tapýarlar.

Habarlar