turki-ni-tekirdag-wela-atyndaky-kazak-koli-we-ikiz-kollerine-gezm-ge-gel-n-ad

Türkiýäniñ Tekirdag welaýatyndaky Kazak köli we Ikiz köllerine gezmäge gelýän adamlaryñ sany köpelýär

Tekirdagyñ Kapakly etrabyndaky Kazak köli we Ikiz kölüne bahar paslynyñ gelmegi bilen gezelenje gelýän adamlaryñ sany köpelýär.

20 Mayıs 2022 18:14

Bu sebite gelenleriñ kölüň kenarynda ýöriş we piknik etmäge mümkinçilikleri bolýar.

Sebite gelýänleri ýoluň kenaryny gurşaýan läleler, çigildemler garşylaýar.

Tekirdag welaýat medeniýet we syýahatçylyk müdüri Ahmet Hajyogly, “Kowid-19” pandemiýadan soň adamlaryñ tebigata dynç almaga has köp gelýändigini aýtdy.

Kazak köli we Ikiz kölleriñ tebigy täsinlik bolandygyny gürrüñ beren Hajyogly, “ bu sebit Stambula gaty golaý bolany üçin adamlar bu ýerik gezmäge gelýärler. Kumbag, Şarköý, Saraý etrabyndaky Kanara kanýony, Kastro, Bahçeköý, Kazak köli we Ikiz köller ýaly ýerler saýasynda Tekirdag syýahatçylyk merkeze öwrüldi.”-diýdi.

Habarlar