turki-ni-turk-we-yslam-eserleri-muze-ind-ki-150-sany-taryhy-eser-ynanc-we-su

Türkiýäniñ Türk we Yslam Eserleri Muzeýindäki 150 sany taryhy eser “ Ynanç we Sungat” atly sergide sergilener

Türkiýäniñ Türk we Yslam Eserleri Muzeýindäki 150 sany taryhy eseriñ orun alýan “ Ynanç we Sungat” atly sergi ertir açylýar.

15 Nisan 2021 18:06

Türkiýe Respublikasynyñ Medeniýet we Syýahatçylyk ministirligi tarapyndan berilen beýannamada: “ Gurhan”, “ Pygamberimiz”, “ Ybadat”, “ Doga”, “ Medeniýet” we “Damask resminamasy” temaly serginiñ Türk we Yslam Eserleri Muzeýiniñ sergi zalynda açyljakdygy habar berildi.

30-njy iýula çenli açyk boljak sergide 73 sany taryhy eser ilkinji gezek sergilener galan eserler bolsa ozaldan az wagtlygyna sergilenen eserlerden ybarat bolar.

Sergide VIII asryñ soñy we IX asryñ başlarynda pergamentde kufik kalligrafiýa bilen ýazylan we 1294-nji ýylyñ ýazuw sungatynyñ ussatlaryndan bolan Ýakut al-Mustasyma degişli bolan Gurhanlar we Seýyid Mahmud Haýraniniñ ogly Seýýid Aliniñ agaç sunalama sungatynyñ (XIII asyr) naýbaşy nusgalaryndan bolan we 1907-nji ýylda ogurlanan şugünki gün Daniýanyñ Kopengagende ýerleşýän Davids Samling muzeýinde  sergilenýän tabytyñ bir bölegi sergilener.

Sergide, hytaý kagyzyna gurşun syýa bilen ýazylan we 1440-njy ýylda Teýmir döwrüne degişli bolan Gurhan, Osman ýazuw sungatynyñ ussatlaryndan Seýh Hamdullaha degişli bolan Gurhan, Soltan Abdülmejit efendä degişli bolan ýazuw eseri, Mustafa Izzet Efendä degişli bolan Hilýe-i Saadet, XV asra degişli bolan we täze goşmaça bölümleriniñ goşulmagy bilen 9 tapawutly nusgadan ybarat bolan Aýasofýa Gaznasynyñ bir nusgasy ýaly köp sanda gymmatly taryhy eserler sergilener.

Habarlar