turki-ni-unesko-ny-butindun-miras-sanawynda-orun-al-an-erleri

Türkiýäniñ ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawynda orun alýan ýerleri

Anadolyda müňlerçe ýyllyk tebigy we medeni miras bar. Olaryñ käbiri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawynda orun alýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawynda Türkiýeden 19 sany medeni we tebigy gymmatlyk orun alýar.

17 Eylül 2021 19:36

Medeni we tebigy  taýdan uly ähmiýete eýe bolan ýerler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawynda orun alýar we geljekki nesillere miras galdyrylýar.

Bu status her medeni gymmatlyga berilenok. Statusa eýe bolmak üçin ilki bilen medeni gymmatlygyñ orun alýan döwlet Bütindünýä Medeni we Tebigy Mirasyñ Goralyp Saklanmagy  Ylalaşygyny kabul eden bolmaly. Bu ylalaşygy tassyklan döwletler statusa eýe bolmak üçin degişli guramalara ýüz tutýar. Halkara ýadygärlikler we Goraghanalar Geñeşi we Halkara Daşky gurşawy we tebigy çeşmeleri gorap saklamak Bileleşiginiñ hünärmenleri arzalara baha berýärler. Bütindünýä Miras Geñeşiniñ tassyklamagy bilen “ Bütindünýä mirasy” statusa eýe bolunýar.

2021-nji ýyla çenli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 1,154 sany medeni we tebigy baýlyk hasaba alyndy. Olaryñ 897 sanysy medeni, 218 sanysy tebigy, 39 sanysy bolsa hem medeni hem-de tebigy gymmatlyk sanawynda orun alýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawynda Türkiýeden 19 sany medeni we tebigy gymmatlyk orun alýar.

1.Stambul şäheri

Aziýa bilen ýewropa materigi birleşdirýän Stambul, asyrlar boýy köp sanda medeniýete ýer eýeçiligi eden owadan şäher. 1985-nji ýylda 4 sebit hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu sebitler: Hipodrom, Aýasofýa, Aýa Irini, Kiçi Aýasofýa metjidi we Topkapy köşgini öz içine alýan “Sultanahmet Şäher Arheologik Goraghana”, Süleýmaniýe metjidi we töweregini öz içine alýan “Süleýmaniýe Goraghanasy”, Zeýrek Metjidi we töweregini öz içine alýan “ Zeýrek Goraghana” we “ Stambul Gara Diwarlary Goraghana”

2. Diwrigi Uly Metjidi we Şypahanasy

Siwas şäherinde orun alýan Diwrigi Uly Metjidi we Şypahanasy, 1985-ni ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 1228-1229 ýyllarynda gurlan metjidiñ iki gümmezli kümmeti bar. Metjidiñ golayýnda şypahana guruldy. Diwrigi uly metjidi we şypahanasy diñe binagärlik aýratynlygy bilen däl eýsem Anadoludaky daş sunalama sungaty bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

3. Hattuşa (Bogazköý)

Çorumda ýerleşýän Hattuşanyñ Hitit imperiýasynyň paýtagty bolany üçin möhüm taryhy bar. 1986-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Hattuşada aglabasy şa IV Tudhaliýa döwrüne degişli bolan ybadathanalar, köşkler we diwarlar orun alýar.

4. Nemrut Dagy

Adyýaman Kahtada orun alýan Nemrut dagy, elleniştik döwrüniñ iñ esasy ýadygärliklerine ýer eýeçiligi edýär. Kommagene şasy 1-nji Antiochosyñ taňrylara we ata-babalara minnetdarlygyny bildirmek üçin  ýasadan mazar we heýkelleri täsin görnüşleri bilen ünsi özüne çekýär. 8-10 metr beýikligindäki hek daşyndan ýasalan äpet heýkeller zamana garşy çykýarlar. Nemrut dagy, 1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

5. Xanthos-Letoon

1988-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Xanthos,  Fethiýeniñ Kynyk obasynyñ golaýynda orun alýar. Sebit gadymy döwürdäki Likiýanyň iň uly dolandyryş merkezlerinden biri bolupdy. Xanthosa  4 kilometr uzaklykda orun alýan Letoonda Apollon we Artemisiň ybadathanalary orun alýar.

Antalýada ýerleşýän  Letoon, Xanthos bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun alýar.

6. Safranbolu

Karabük welaýatyñ Safranbolu etraby, özboluşly şäher gurluşugy, agaçdan ýasalan jaýlary we ýadygärlik desgalary bilen goraghana diýlip yglan edilen seýrek ýerlerden biri.

XIV asyrda türkleriň häkimýetine geçen Safranbolu 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

7. Troýa gadymy şäher

Troýa gadymy şäher, Çanakkalede orun alýar. Dünýäde tanymal bolan iñ gadymy şäherlerden biri bolan Troýada edilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde köp sanda siwilizasiýa degişli bolan eserler gün ýüzüne çykaryldy.

8. Selimiýe metjidi ve toplumy

Mimar Sinanyň ussatlyk eseri bolan Selimiýe metjidi we toplumy Edirnäniň iň möhüm ýadygärlik desgalarynyň biridir. XVI asyrda Soltan II Selim adyna ýasalan metjid tehniki kämilligi, ölçegleri we estetiki aýratynlyklary bilen öz döwrüniň iň ajaýyp eserleriniň hataryna girýär. 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

9. Çatalhöýük Neolitik şäher

Adamzadyň mesgen tutan jemgyýetçilik durmuşyna yşyk saçýan Çatalhöýük neolitik şäheri, Konýada ýerleşýär. Iki müñ ýyllyk taryhy bilen oba ýaşaýşyndan şäher durmuşa geçişiñ esasy şaýady bolan Çatalhöýük, 2012-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

10. Bergama köp gatly medeni meýdança

Izmirde ýeşleşýän Bergama köp gatly medeni meýdança, Ellinçilik, Rim, Gündogar Rim we Osman döwri barasynda maglumat berýär. Döwrüniñ  iň esasy saglyk merkezlerinden biri bolan “Asklepiona” ýer eýeçiligini edýän Bergama 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

11. Bursa we Jumalykyzyk: Osman Imperiýasynyñ doguşy

Bursa we Jumalykyzyk 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

12. Diýarbakyr Galasy we Hewsel Baglary

Diýarbakyr galasy we Hewsel baglary, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Iki esasy bölekden ybarat bolan Diýarbakyr galasy we Hewsel baglary dünýä medeniýeti üçin möhüm mirasdyr.

13. Efes

Izmirde ýerleşýän Efes, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Efes, Çukuriçi depesi, Aýasulak depesi(Selçuk galasy, St.John  Bazilika, Isa beg hammam, Isa beg metjidi we Artemision), gadymy Efes şäheri we Merýen enäniñ öýi bolmak bilen 4 bölümden ybarat.

Sebitiň takmynan 9 müň ýyllyk taryhy bar. Sebit biziñ eramyzdan öñki döwürlerden başlap, ellinçilik, rim, gündogar rim, şazadalar we osman imperiýasynyñ döwürlerini öz içine alýar.

14. Ani arheologiki ýadygärlik

Karsdaky Ani arheologiki ýadygärligi 2016-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

15. Gadymy Afrodizias şäher

Aýdyndaky Gadymy Afrodizias şäherindäki ilkinji oturymly ýaşaýyş  biziñ eramyzdan öñki 5 müň ýyllara çenli uzanýar.

Gadymy Afrodizias şäheri, takmynan 2-3 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän gadymy mermer ojaklary bilen 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

16. Göbeklitepe

"Adamzadyň nol nokady" diýlip atlandyrylýan Göbeklitepe, 2018-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Şanlyurfada ýerleşýän Göbeklitepe 1963-nji ýylda gün ýüzüne çykaryldy. Edilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde sebitiñ 12 müñ ýyllyk taryha eýe bolandygy anyklandy.

17. Arslandepe arheologiki ýadygärlik

Malatýada orun alýan Aslandepe arheologiki ýadygärlik 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhy biziñ eramyzdan öñki 6-njy müňýyllykdan gözbaş alýan Arslandepe, aristokratiýanyň dörän we ilkinji döwlet formasynyň dörän resmi, dini we medeni merkezi hökmünde tapawutlanýar.

18. Göreme milli seýilgähi we Kapadokiýa

Newşehirde ýerleşýän Göreme milli seýilgähi we Kapadokiýa 1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

19. Pamukkale-Hierapolis

1988-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Pamukkale- Gadymy Hierapolis şäheri, kalsiý oksidini öz içine alýan suwlardan emele gelen ajaýyp ak depeleri we grekleriň giçki we irki hristian döwrüniň harabalyklary bilen meşhurdyr.

Habarlar