turki-ni-wise-prezidenti-fuat-okta-turkmenistanda-saparda

Türkiýäniñ wise-prezidenti Fuat Oktaý Türkmenistanda saparda

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

01 Temmuz 2022 22:28

Hormatly myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Begenç Goçmollaýew, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral we beýleki adamlar garşy aldy.

Fuat Oktaý 2-nji iýula çenli dowam edýän saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşjak Fuat Oktaý çykyş eder we toparyň ähtnamasynyň gol çekişligine gatnaşar.

Şeýle hem Fuat Oktaý Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan geçirilýän türkmen-türk işewürler forumyna we forumyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn şertnamalaryň dabaralaryna gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýy kabul etmegine garaşylýar.

Habarlar