turkistan-s-heri-nysanasy-bolan-hoja-ahmet-asawyny-kummeti-asyrlarbo-y-ruhy

Türkistan şäheriñ nyşanasy bolan Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmeti, asyrlarboýy ruhy atmosferasyny gorap saklaýar

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türki döwletleriñ guramasynyñ döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitinde, Türki Dünýäsiniñ ruhy paýtagty diýip yglan edilen Türkistanda, başda Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmetiniñ bolmagynda Yslam dininiñ sebitde yzyny daşaýan eserler orun alýar.

11 Mart 2022 23:23

Gazagystanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni miras sanawyna girizilen ilkinji eseri bolan we XIV asyrda Emir Teýmir tarapyndan gurdurylan Türkistanyñ nyşanasy bolan Pir-i Türkistan Ýasawynyñ kümmetine köp ýurtdan zyýaratçy gelýär.

1389-njy ýylda Emir Teýmir tarapyndan hiç çüý ulanylman gurdurylan Merkezi Aziýanyñ kerpiçden ýasalan iñ uly gümmezine eýe bolan, iki gatly we 35 sany otagdan ybarat bolan Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmeti Orta asyr binagärliginiñ iñ naýbasy eserlerinden biri hökmünde kabul edilýär.

Kümmetiñ girelgesinde 2 metr 45 santimetr ininde we 2 tonna agyrlygynda bürünçden bir gazan orun alýar. “Taýgazan” diýilýän bu gazanyñ juma namazyndan soñ zyýaratçylara şypaly suw paýlamak üçin ulanylandygy gürrüñ edilýär.

Türkiýäniñ goldawy bilen 2000-nji ýyllarda abatlanan kümmet, bir tarapdan döwrüniñ taryhy şahsyýetine yşyk çaýýar beýleki tarapdan bolsa ruhy gymmatlygyñ goralyp saklanmagyny üpjün  edýär.

Kümmetiñ edil ýanynda Hoja Ahmet Ýasawynyñ şärikleri bilen sapaklar geçen bir dergäh orun alýar.

Hoja Ahmet Ýasawy 63 ýaşyna ýeteninden soñ Hz Muhammed pygamberden has köp güneşi görmäni mynasyp bolmadygyny düşünip ýerastyndaky bir öýde ýaşamaga başlaýar. Takmynan 4 metr çuñlukda we  18 otagly öýiñ  metjidinde Hoja Ahmet Ýasawy “ Diwan-y Hikmet” eserini ýazdy.

Türkistanyñ gadymy sebitlerinden biri bolan Kultöbede edilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda bolsa bir sufi dergähi gün ýüzüne çykaryldy.

 

Habarlar