turkistan-s-herinden-ilkinji-halkara-ucar-gatnawy-turki-guraldy

Türkistan şäherinden ilkinji halkara uçar gatnawy Türkiýä guraldy

Gazagystanyñ Türkistan şäherinden ilkinji halkara uçar gatnawy Stambul şäherine guraldy.

21 Mart 2021 12:44

Gazagystanyň raýat awiasiýasy komiteti tarapyndan berilen beýannamada, Türküstan halkara howa menzilinden Stambul ugrundaky ilkinji halkara uçuş 176 ýolagçy bilen “Fly Arystan Airline” howaýollary kompaniýasynyñ  “A-320” kysymly uçary bilen amala aşyrylandygy habar berildi.

Türkistan-Stambul ugry boýunça uçar gatnawlarynyñ ilkinji tapgyrda hepdede 2 gezek soñ bolsa hepdede 7 gezege çykarmak meýilleşdirilýär.

Türkistan Halkara howa menzili şäher merkezine 16 km uzaklykda orun alýar.  Bu howa menzili jemi 905 gektar meýdanda orun alýar.

Airbus “ A340”, Boeing “700” ýaly ýolagçy uçarlary üçin amatly uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy we inine eýe bolan howa menzili, bir wagtyň özünde 9 sany uçary kabul edip bilýär.

Habarlar