turkistanly-ussalary-guran-ilkinji-kummet-rabia-soltan-begimi-kummeti

Türkistanly ussalaryñ guran ilkinji kümmet: Rabia Soltan Begimiñ kümmeti

Gazagystanyñ Türkistan şäherinde ýerleşýän Rabia Soltan Begimiñ kümmeti, Hezreti Soltan muzeýiñ bir bölegi.

17 Haziran 2022 15:16

Rabia Soltan Begim 1451-nji ýylda çarwa Özbek hanlygynyň hökümdary Abulhaýir bilen durmuş gurdy.

Begimiñ iki ogly Kuşkunşi we Suýynyş hökümdar boldular.

Rabia, ýanýoldaşy dünýeden öteninden soň, Türkmenistanda 17 ýyl ýaşady we 1485-nji ýylda aradan çykdy.

Iki ogly ejeleriniñ hormatyna kümmet ýasadýarlar. Kümmetiñ umumy meýdany 62 inedördül metr we 5 otagdan ybarat.

Silindr görnüşli gök reňkli gümmez bilen örtülen sekizburç kümmet, iki sany beýik sütüniň üstünde duran bir kemer görnüşde ýasalypdyr.

Rabia Soltan Begimiñ mazary kümmetiñ günorta gündogar tarapynda orun alýar.

Mazar daşynyň üstünde: "Bu ýer asylly, ahlakly Rabiýanyň ýeri; şehit bolan, güýçli, beýik Soltan Ulugbek Guraganyň gyzy. Allatagala kyýamat gününe çenli hemme mazarlaryny ýagtylandyrsyn." ýazýar.

Bu taryhy kümmet barasynda taryhy maglumatlar XVI asyrda gün ýüzüne çykmaga başlady.

1895-nji ýylda rus goşuny "bir günde çökip biljek köne bina" bahanasy bilen kümmetiñ gümmezini we diwarlaryň bir bölegini ýykdy. Bir asyr soñ kümmet abatlandy.

Şugünki gün bu owadan orta asyr taryhy eser, Hezreti Soltan  Muzeýiñ bir bölegi.

Rabia Soltan Begimiñ kümmeti, Türkistanly ussalar tarapyndan gurlan ilkinji taryhy eserlerden biri hökmünde kabul edilýär.

Habarlar