18 Şubat 2022 14:12
Türkler taryhdan zamanamyza çenli haýsy senenamalary ulanyldy, aýlaryň we günleriň atlary näme? Türkler haýsy zerurlyklar bilen wagty ölçäp başladylar?
Senenamalar, Aý ýylyna ýa-da Gün ýylyna görä esaslandy
Adamlar aýyň we günüň hereketlerini yzarlap güniñ sagatlaryny hasaplady. Senenemalar aý we güneş ýylyna esaslanyp döredi. Şeyle-de her siwilizasiýanyň senenamasy döredilende, olar üçin möhüm hasaplaýan gün başlangyç nokat hökmünde kabul edildi.
Ýaşaýyş durmuşlary sebäpli çarwa durmuşy ýaşaýan Türkler tapawutly sebiplerde ýaşaýan taýpalar bilen bilelikde hereket etmek, syýasy, ykdysady we dini çäreleri kesgitlenen günlerde bellemek bir senenama döretdi.
Türkleriñ ulanan ilkinji senanama: Müçe senenamasy
Gadymy döwürlerde Gündogar halklarynda bolşy ýaly, Türkelr hem müçe ýyllary ýöredilipdir. Her 12 ýyla bir müçe diýilýär. Şol ýyllaryň her biriniň öz ady bar. Olar: syçan, sygyr, bars, towşan, balyk, ýylan, goýun, maýmyn, towuk, it we doñuz
Müçe ýyl hasabynda ýylyň başy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän gününden, ýagny 21-nji martdan başlanýar. Häzir käbir Gündogar ýurtlarynda täze ýyly 21-nji martda belleýärler.
Müçe senenamasy Türkler, hytaýlar, yaponlar, Hinliler, Tibetliler, Ajemler, Tuna Bolgarlary we Idil Bolgarlary tarapyndan ulanyldy. Zamanamyzda Aziýanyñ käbir sebitlerinde bu senenama henizem ulanylýar.
Hijri, Jelali, Rumi we Gregorian senenamasy
Türkler tarapyndan ulanylan senenamalar:
Müçe senenamasy ( ?- 571 ýyl)
Hijri ýyl hasaby : (9-10 asyr)
Jelali senenama: ( 11-nji asyr)
Ilhanly senenama ( 13-14-nji asyr)
Rumy senenama ( 17-nji asyr)
Garbi senenama ( 1917)
Gregorian senenama ( 1925-)
Hijri ýyl Hasaby
«Hijri» sözi arapça «göçmek», «aýra düşmek» diýen manyny aňladýar. Muhammet pygamber häzirki ýyl hasabynyň 622-nji ýylynda Mekge şäherinden Medinä göçmeli bolýar. Şondan başlap, hijri ýyl hasaby başlanýar.
Hijri ýyly hem kamary hem-de şemsi diýen iki topara bölünýär.
Kamary ýyl hasaby, Kamar arapça Aý diýmekdir. Bu ýyl hasaby Aýyň dogup, ýaşmagyna esaslanýar, ýagny Aý doganda başlanyp, ýaşanda hem aý tamamlanýar. Bu aý hasaby biziň häzirki ulanýan aýymyzdan ýylda 10 gün töweregi az bolýar. Takmynan, 354 gün 8 sagat 48 minut 37 sekunt. Häzirki astronomiki ýyl bolsa 365 gün 5 sagat 48 minut 46 sekuntdan ybarat. Kamary senenamasynda her ýylda 354–355 gije-gündiz bolany sebäpli, käbir waka bir ýylyň, dowamynda iki gezek gaýtalanyp biler. Mysal üçin, Gurban baýramy 2006-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyna we şol ýylyň dekabr aýynyň ahyryna düşdi.
Wagt ölçegini ýola goýmak üçin, gije bilen gündiziň deňleşýän döwrüni kabul edipdirler. Ol bolsa ýylda iki gezek, ýagny mart aýynyň 21–22-sinde we sentýabr aýynyň 21–22-sinde bolup geçýär. Ir wagtlar täze ýylyň başy hökmünde 21-nji sentýabr kabul edilipdir. Ondan soňra täze ýylyň başy hökmünde 21-nji mart kabul edilipdir. Şeýle hasaplamalar häzirki wagtlarda-da käbir ýurtlarda duş gelýär.
1926-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkiýede ýatyrylan Hijri ýyl hasaby diňe Remezan, Gurban baýramlary we dini mukaddes gijeleri kesgitlemekde ulanylýar. Häzirki wagtda bu senenama Eýran, Pakistan, Owganystan, Saud Arabystany we beýleki arap ýurtlarynda ulanylýar.
Jelali senenama
Ömer Haýýamyň ýolbaşçylygynda döredilen bir gurama tarapyndan güneş ýyly esasynda döredildi we Beýik Seljuk Soltany Jelaleddin Melikşaha hödürlendi.
Bu senenamada bir ýyl 365 gün, 5 sagat, 49 minut, 15 sekunt
Başlangyç 1079-njy ýylyň 15-nji martynda Bagdatdaky Nizamiýe medresesinde güneşiñ ýaşýan pursady
Täze ýyl 21-nji mart Nowruz güni we bir ýyl 30 günlik 12 aýdan ybarat.
Rumy senenama
Osman Imperiýasynda bu senenama 1677-nji ýylda döredildi.
Bu senenamada 1-nji ýanwar, täze ýyl hasaplanýar.
Gregorian senenama
Müsürliler tarapyndan döredilen senenama grekler we rimliler tarapyndan işlenip düzüldi we Ioniýa we Grekler arkaly bolsa ýewropa ýurtlarynda ulanylmaga başlandy.
Senenama güneş ýylyna esaslanýar.
Hezreti Isanyñ dünýä inen 1-nji ýanwar täze ýylyñ başlanýan güni kabul edilýär.
Türkiýede 1925-nji ýylda bu senema ulanylmaga başlandy.
1974-nji ýylda Ministrler Kabinetiñ karary bilen hepdäniñ şenbe we ýekseşne günleri dynç alyş güni diýip yglan edildi.