turkleri-milli-akyl-we-strategi-a-o-ny-mangala

Türkleriñ milli akyl we strategiýa oýny: Mangala

Etnnosport Tejribe Merkezinde mangala oýunyñ tapawutly ýaş toparlaryna öwredilip nesilden nesle geçirilmegi maksatlanýar.

12 Mart 2021 14:38

 

ÝUNESKO-nyň  adamzadyñ maddy däl medeni mirasy 15-nji hökümetara komitetiniň mejlisinde 2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kabul edilen karar bilen, Mangala oýuny ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda hasaba alyndy.

Etnosport Tejribe Merkeziniň mugallymy Merýem Özdemir beren beýanatynda  Şanlyurfa şäherinde gün yüzüne çykarylan  taryhy Göbeklidepäniñ diwarlarynda Mangalanyñ kiçi guýularynyñ oýuklaryna duş gelinmegi bilen bu oýunyñ taryhynyñ 10 müñ ýyl ozala daýandyrylandygyny gürrüñ berdi.

Mangala sözüniň etimologiýasy barada köp sanda rowaýatlaryñ bardygyny Özdemir: "gürrüñ berilýän bir rowaýatyñ biri şeyle. 10 esgeriñ başynda bir serkerde bar.bir gün serkerde esgerlere söweş meýilnamasy taýarlaýar. Meýilnamada guýular bar we guýularda esgerler bar. Daşlar esgerler, guýular  bolsa frontlar. Bu meýilnamany  esgerler gaty halaýarlar we ony oýna öwürýärler. Şeýdibem bu oýun zamanamyza çenli gelip ýetdi "-diýdi.

Özdemir, Mangala oýnunda göçümleriň sanynyň köpdügini we eedilen göçüme görä ýeňiş gazanmak ähtimalynyñ  ýokarlanýandygyny aýtdy.

Bu oyun 2 oýunçuly. Biri-birimize garşy 6 guýy bar. Iki oýunçyñ hersinde bir howdany bar. Mangalada oýunynda esasy zat howdanlarymyzy daşlar bilen doldurmak. Kim öz howdanyna has köp daş doldursa, bu oýunyñ ýeñijisi bolar. Oyunda jemi 48 daş bar. Her guýuda 4 sany boljak şekilde iki oýunça 24 daş paýlanýar.

Oýunyň 4 sany añsat düzgüni bar:

1-öz guýyñda bir daş galdyryp  şol guýudaky galan daşlary bolsa sag tarapdan başlap deñ  sanda guýulara paýlamak.

2- bu daşlary setir bilen guýudan howdanyñ bolan sag tapara dogry daşamak we soñky daşyñ howdana düşse ýene oýnamaga hukuk gazanýañ

3- iň soňky daşyñ garşydaşyň guýusyndaky daşlardan  iki esse bolsa  garşydaşyñ guýusyndaky daşlar seninki bolýar

4- guýyñ boş bolsa we bu guýa öz daşyñy atsañ  boş guýyny dolduranyñ üçin öz guýyndaky we garşydaşyñ guýusyndaky daşlary gazanýañ.

Mangala oýuny soñky daş guraly bilen tanalýan oyun. Düzgünleri añsat bolany üçin her ýaş toparynyñ ünsini çekýär.

Bütindünýä etnosport konfederasiýasy  her ýyl Stambul şäherinde 5 günlük  milli oyunlar festiwaly gurnaýar. Bu festiwalda çağalara mili oyunlar öwredilýär, oýunlaryñ hekaýalary gürrüñ berilýär. Sowgatlar berilýär.

Habarlar