turkleri-milli-icgisi-kumys

Türkleriñ milli içgisi:Kumys

Türk içgisi bolan kumys, geçmişde bolşy ýaly häzirki wagtda hem ähmiýetini gorap saklaýar.

10 Eylül 2021 18:41

Türkleriñ aty eldekileşdirip, oña münüp başlamalary dünýä taryhynda möhüm waka hökmünde kabul edilýär.

Türkler aty diňe çapylýan haýwan hökmünde ulanman, eýsem etinden we süýdünden hem peýdalanypdyrlar. Atyñ süýdünden kumys taýarlap ony nädip içmelidigini öwrenipdirler.

Kumysyñ geçmişden şu günki güne çenli ulanylan medeni geografiýasy, türkleriň ýaşan geografiýasydyr.

Taryhy çeşmelerde Iskit, Hun we Göktürk ýaly gadymy türk toplumlary kumysy giñden  ulanypdyrlar. Zamanamyzda bolsa Gazak, Gyrgyz we Ýakutlaryñ başda durmagynda tapawutly türk toplumlary ony gowy görip içýärler.

Kumys, at süýdüni fermentlemek arkaly taýarlanýan içgidir. Gyrgyzystanda bahar paslynyñ gelmegi bilen kumys supralary bezäp başlaýar. Kumys, toý-dabaralarda hökman bolýar.

Kumysyñ köp keselleri bejerme ukybynyň bardygy bilinýär.

Kumysyñ, beden sagdynlygyny ýokarlandyrýan, immunitet ulgamyny güýçlendirýän, bedene güýç berýän we içilende uzak wagtlap dok tutýan aýratynlyklary bar.

Geçmişden şu güne çenli kumys, inçekesel, demgysma, pnewmoniýa, ýürek-damar keselleri we käbir ginekologiki keseller üçin maslahat berilýär.

Habarlar