turkmen-alaba-yny-milli-ba-ramy

 Türkmen alabaýynyň milli baýramy

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde  türkmen alabaýynyň baýramy bellener.

06 Mart 2021 12:06

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy ( aprel aýynyñ soñky ýekşenbe güni) bilen bir günde  türkmen alabaýynyň baýramy bellener.

Türkmenistan döwlet  habarlar gullugynda berlişi ýaly, baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmegi, türkmen alabaýlarynyň çykyşlaryny, ýaryşlaryny guramagy, ýeňiji bolan alabaýa bolsa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen adyň dakylmagynyň ýerlikli boljakdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Halkara Türkmen Alabaý Bileleşiginiň başlygy Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk güninde Alabaý itleri bilen gözellik bäsleşiginiň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmen Alabaýyň ösdürip ýetişdirilmegi däbiniñ YUNESKO-nyñ adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin  degişli işler alynyp barylýar.

Alabay tohumly itler barasynda aýdym we kitap ýazan Türkmenistanyň lideri Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Alabaý güjügini sowgat beripdi. Adatça sürüde ösdürilip ýetişdirilýän we ownuk sürüleri goraýan Türkmen Alabaý itleri güýçli we muskul gurluşlary bilen tapawutlanýar. Tibet Mastifa we Mongol Çopan Iti tohumlaryndan gelip çykandygyna ynanylýan Alabaýlar Sowet Soýuzynyň goşunynda hem ulanylypdyr.

Habarlar