turkmen-gelin-gyzlaryny-milli-lybaslary

Türkmen gelin-gyzlarynyñ milli lybaslary

Türkmeniň milli lybaslarynyň özboluşly gözelligi göreni haýran edýär. Şeýle nepisligi döredýän türkmen zenany kalbyndaky söýgüsini, arzuw-islegini nagyşlaryna siňdirýär.

13 Ağustos 2021 20:33

Türkmen gelin-gyzlary ähli döwürlerde hem gowy lybaslary geýip, iň nepis şaý-sepleri dakynypdyrlar. Egni älemgoşaryň nurana reňklerini özünde jemleýän milli lybasly, başlary sary öýmelidir, ýaglykly gelin-gyzlary näçe wasp etseň hem az ýaly. On barmagynyň gudratyndan dörän milli lybaslar zenanlaryñ inçe sungatyň ussadydygyny ykrar edýär.
«El hünäri il gezer» diýen ene-mamalar içinde päk zähmeti, el hünäri bilen abraý alan zenanlary nusga hökmünde görkezip, ýaşlary hünäre ugrukdyrmagy başarypdyrlar. Ene-mamalardan nesillere nusga galan el keşdeleri ak gaýmalar döwrebap nusgalar bilen sepleşip gidýär.

Işine ezber, on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlar il arasynda uly abraýa eýe. Olaryň ýanyna iş öwrenmäge ýa-da dürli biçüwdäki egin-eşikleri tikdirmäge gelýänleriň yzy üzülenok. Üýtgeşik nagyşly geýimler, nepis tikilen egin-eşikler, owadan keşdeler göreniň höwesini artdyrýar.

Ene-mamalardan miras galan biçüwler, keşdeler, gaýmalar hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmän, barha ýoň bolup barýar. Zenanlar owadan panbarhat we älemgoşar öwüşginli ketenileri täze biçüwde tikinýärler. Bu olaryň gözelligine gözellik goşýar.

Türkmen ketenisi bolsa, özüniň owadanlygy bilen dünýäni haýran edýär. Egin-eşiklerdäki millilik zamanabap geýinmek medeniýeti bilen sazlaşanda, lybaslaryň gözelligi has-da artýar. Bu sazlaşyk türkmen zenanynyň ajaýyp dünýäsini, edebini, näzik duýgularyny, belent mertebesini görkezýär.
El işlerine ussat ene-mamalar nagyşlaryň nusgalaryny, köýnek biçip-tikmek usullaryny apalap, öz gyzlaryna, gelinlerine öwredip, häzirki nesle ýetiripdirler.

Habarlar