turkmen-gelin-to-y

Türkmen gelin toýy

Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günlerini we möhüm seneleri uludan toý tutup, dabaralandyryp gelipdir. Mälim bolşy ýaly, her bir toýuň hem öz aýratynlyklary bolup, olar kem-kemden durnukly däp-dessurlara öwrülip gidipdir.

14 Ocak 2022 15:21

Gelin toýy, türkmen halkynyň tutýan toýlarynyň iñ naýbaşysy hasap edilýär. Bu toý bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň köpüsi häzirki döwre çenli gelip ýetipdir.

Ata-baba dowam edip gelýän bu uly we arzyly toý adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabaralaryň biri. Türkmen arzuw-niýetlere beslenip, ogul öýermäge, gyz çykarmaga çagalarynyň ýaş wagtyndan taýýarlyk görüp başlaýar. Gyzyň sepini düzetmegiň, oglana halat toplamagyň aladasy bilen bolýar.

Türkmen ir döwürlerden bäri toýuny uludan tutmagy halapdyr, oňa kän myhman çagyrylýar, özi-de birnäçe günläp dowam edýär. Gadymda türkmen toýlary üç günden başlap, ýedi güne çenli dowam edipdir. Türkmen toýlarynda onuň eýesi toýuň has dabaraly, şatlykly, ýatda galar ýaly bolmagy üçin elinde baryny orta goýýar. Özge hiç bir halkyňka meňzemeýän ol toýlarda türkmeniň ynsanperwerligini, myhmansöýerligini, elaçyklygyny, ruhy rüstemligini äşgär edýän ajaýyp sypatlar ýüze çykýar. Türkmen toý üçin hiç zadyny gaýgyrmaýan, oňa tutumly taýýarlyk görýän milletdir. Ol özüniň gerimi, dabarasy bilen göreni haýran edýär.

Ogul öýermek ýaly uly toýlarda at çapdyryp, göreş tutulýar, ýaglyga towsulyp, “ýüzük bukdy” oýnalýar. Bagşy aýtdyrylyp, deprek kakylyp, tüýdük we gyjak çalynýar. Ogul öýermek (gelin toýy) toýy adatça üç günläp dowam edýär. Oňa “ýalan çelpek”, “çyn çelpek”, “gelnalyjy” günleri girýär. Toýuň ilki güni ýapylan çelpege ýalan çelpek diýilýär. Ol gün goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar üýşüp, gudalara äkidilmeli saçak üçin iki gap çelpek ýapylýar. Onuň daşyndan toýa gelenlere we myhmanlara jübütden epläp, çelpek paýlaýarlar.

“Çyn çelpek” güni ýapylan çelpek bolsa, toý güni gelen-gideniň öňüne äbermek, toýa getirilen saçaga salmak üçin ýapylýar. Türkmen maşgalasynda toý tutup, ogul öýerilensoň, täze dörän maşgala özbaşyna öý dikip bermek onuň ata-enesiniň ýerine ýetirmeli borjy bolupdyr. Gelin alnyp berlen ýigide özbaşdak öý tutulypdyr. Ir zamanlarda öýlenmekçi bolýan ýigide sähra tarapa ýaýy atdyrypdyrlar, onuň peýkamynyň düşen ýerinde ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen toý däpleri döwre görä baýlaşyp, onuň üsti ýetirilip gelinýär. Däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýlary her etrapda öz aýratynlygy we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Gelin toýy süýjülik bilen açylýan gudaçylykdan başlanýar. Türkmenlerde bu meselä juda inçe çemeleşilýär. Halk arasynda “Gudaçylyk-müň ýylçylyk”, “Gudamyň gudasy-çorbamyň goýusy” diýen pähim bar. Durmuş toýunyň manysy, ähmiýeti örän uly. Ol gyzyň hem ýigidiň geljekki ykbaly barada çynlakaý oýlanylyp, ölçerilip-dökülip çözülýär. Durmuş toýunyň tutulmagy bilen täze bir maşgala döräp, ol iki tarapyň ömürlik garyndaşlyk gatnaşygyna ýol açýar. Şonuň üçin bu meselede “Ýedi ölçäp, bir kes” diýen pähimden hem ugur alynýar. Guda bolunjak maşgalanyň asly, il içindäki at-abraýy, gelinligiň el işleriniň çeperligi, başarnygy we gylyk-häsiýetleri öwrenilýär.

Adatça, ogluny öýermek isleýän maşglanyň zenany (onuň ejesi, gelinejesi …) Çarşenbe güni gyzyň masşgalasyna söz aýtmaga (gudaçylyga) gidýär. Çarşenbe güni haýyrly gün hasap edilýär, çarşenbede çar tarapyň açyk hem diýilýär. Soň iki tarap bir-biregi sorag-ideg edýär, ara biraz maý salynanyndan soň gyzyň maşgalasy jogabyny gaýtarýar, iki tarap ylalaşandan soň toýa taýýarlyk görlüp başlanýar. Oglanyň maşgalasy gelinlikleri üçin galyň geçirýär, gyz bolsa gerekli zatlaryny, bukjasyny taýýarlaýar.

Soň toý sähedi belli edilýär. Türkmen toýy 2-3 günläp dowam edýär. Toý edilýän ýerde daň bilen gazanyň gulagy gyzmaga başlaýar.

Türkmen toýy elmydama uludan tutulyp, onda at çapdyrmakda, göreş tutmakda, ýaglyga towusmakda bäsleşilipdir, “ýüzük tapdy” ýaly oýunlar oýnalypdyr.

Türkmen gelininiň toýda geýýän milli egin-eşikleri we dakynýan şaý-sepleriniň milli özboluşlylygy bar we şol millilik türkmen toýlarynda henize çenli, ýitirilmän berjaý edilýär. Geliniň toý lybasynyň agramy, takmynan, 40kg-a golaýdyr. Geliniň lybasynda gyrmyzy reňk esasy orny eýeleýär.

Gelin alynjak öýde toý başlan güni öýi hem şatlyk hem-de gaýgy gurşap alýar, sebäbi ol öýde hem-ä toý tutulýar hem-de gyz öz dogduk mekanyndan aýra düşýär. Gelinalyjy tarap uly dabara bilen gelip, öz gelinliklerini alyp gidýärler. Gelin gaýyn öýüne barnynda ony uly şowhun bilen garşy alýarlar.

Gelin garşylananda üzärlik oty ýakylýar (göz-dilden goralmagy üçin), soňra däp-dessura görä gelin sag aýagy bilen öýüň işiginden ilkinji ädimini ätleýär, soňra geliniň eli una, ýaga batyrylýar, ýagny un ýaly arassa we päk gelin, ýag ýaly maşgalasyna goşuluşyp gitsin diýen niýet bilen. Soňra bolsa guşak çözdi bolýar. Şeýdip toý tamamlanýar.

Türkmenleriň geçmişde tutan gelin toýundan söz açylsa, ilki bilen kejebe göz öňüňe gelýär. Gelni, adatça, düýäniň üstünde gurnalan kejebä salyp, gelnaljylap alyp gaýdypdyrlar. Kejebäni taýýarlamak aňsat bolmandyr. Ýörite agaç ussalary ilki bilen kejebäniň gümmezini ýasapdyrlar. Gümmezi ýasamak üçin uga meňzedilip egreldilen tal agajyny ulanypdyrlar. Kejebäniň girilýän ýeri düýäniň kelle tarapyndan goýlupdyr. Kejebe içine gelin bilen eltisi sygar ýaly ululykda ýasalypdyr. Kejebäniň içine haly düşelipdir, onuň üstüni bolsa halydan ýa-da matadan edilen kejebelik bilen bezäpdirler. Kejebeli düýäni kejebelikler, düýehalyklar, düýeboýunlyklar, düýedyzlyklar ýaly haly önümleri, şonuň ýaly-da, otagaly owsar bilen bezäpdirler. Ogul öýerilende tutulýan gelin toýuny diňe bir öýlenýän oglanyň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary däl, eýsem, bütin oba bolup, agzybirlik bilen sowupdyrlar. Toýda bagşy hem aýtdyrylypdyr.

Kejebeli düýäni täze gelniň ýüwürjisi boljak oglan ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň biri idip gelipdir. Täze gelen gelni halylar we haly önümleri bilen bezelen ak öýe alyp barypdyrlar. Gelnaljy gelensoň, toý märekesine milli toý tagamlary bolan palaw, dograma, ýarma hödür edilipdir.

Berkarar Garaşsyz bagtyýarlyk döwründe durmuş toýlary döwrebap, täze röwüşe eýe bolýar. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurduň ähli künjeginde Bagt köşkleri gurlup, ýaş çatynjalaryň hyzmatyna berildi.

Habarlar