turkmen-halk-doredijiligini-sahyrana-ugurlaryny-biri-monjugatdylar

Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana ugurlarynyň biri: Monjugatdylar

Monjugatdylar gelin-gyzlar tarapyndan söýgi hakda döredilýän we ýerine ýetirilýän bentler bolup, olaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýnudyr.

30 Aralık 2021 18:46

Oýna gatnaşýan gyzlar, oňa öz ykballary bilen baglanyşykly bije hökmünde garaýarlar.

Monjugatdy bentleriniň dili örän sada, çeper we akgynly bolýar. Olar düzülişi taýdan läleler we hüwdüler ýaly ýedi ýa-da sekiz bogunly dörtleme-rubagy görnüşindedir.

Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe ýygnanýarlar. Olar ortada goýlan suwly gaba öz monjuklaryny atýarlar. Soňra dilewar aýal-gyzlaryň biri goşgy setirlerini sanap başlaýar.  Her bir aýdylan bentden soň, monjuk çykarýan çaga: “Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýärler. Çagajygyň çykaran monjugy kimiňki bolsa, aýdylan goşgy hem şol adama degişli hasaplanýar we bendiň mazmunyna görä, monjuk eýesine degişme sözler aýdylyp gülşülýär.

Monjugatdylaryñ ýüze çykmagy gyz-gelinleriñ durmuşy, olaryñ arzuw-islegleri bilen baglydyr. Monjugatda gatnaşýan gyzlar özleriniñ nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarma gelinler bolsa geljekki ykbalynyñ neneñsi boljakdygyny bilmäge synanyşyk edipdirler. Gelin-gyzlar Nowruz gijesinde aýdylan monjugatda öz ykballarynyñ nähili boljakdygy bilen baglanyşykly bije hökmünde garapdyrlar. Monjugatdyda ýürege ýakyn, kalbyña mähirli duýgulary çoýýan duýguly bentler bilen birlikde gödegrä mazmunly bentler hem aýdylýar. Bu oýnuñ gyzykly, täsirli, dartgynly bolmagyna täsir edip, onuñ muşdaklaryny köpeldýär. Monjugatdyda ynsan duýgularyna täsir edýän bentler aýdylyp, oýun gyzykly alnyp barylsa, her bentden soñ monjuk çykarylanda, gyz-gelinler gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Bijesine düşen bentler gowy bolsa, oña begenişýärler, şatlanýarlar, eger-de bijesine düşen bentler ýaramaz manyly bolsa, oña gynanýarlar. Käbir gyzlar-gelinler monjugatdy oýnuna gatnaşmakdan saklanýarlar. Sebäbi olar monjugatdyda öz bijelerine ýaramazrak mazmunly bentleriñ düşmeginden çekinýärler. Olaryñ bijesinden ýaramaz mazmunly bent çykaýsa, şol tipden bolan ýigit, durmuş onuñ ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şoña görä-de, şeýle ýazgytdan howatyr edip, monjugatda gatnaşmakdan çekinýärler.

Monjugatdyda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent bijesine düşäýse, onda ol gyz özüni örän bagtly saýypdyr. Sebäbi ol özüne sataşjak ýigidiñ bahar pasly ýaly mylaýym, mähirli, ýumşak bolmagyny arzuw edýär.

Monjugatdylaryñ temasy dürli-dürli bolup, olaryñ köpüsi söýgi temasyndadyr. Monjugatdy bentleriniñ birnäçesinde ýañsylama, tankydy häsiýetde düzülenleri hem bolup, olarda gaýratsyzlyk, biwepalylyk, yalançylyk, haramlyk, açgözlük kimin yaramaz häsiýetler tankytlanýar.

Monjugatdy bentlerinde daýhançylyk bilen baglanyşykly temada döredilenleri-de bar. Saýlanýan ýigidiñ diñe daşky owadanlygy däl, eýsem, onuñ ekin ekip, hasyl almaga ukyby, zahmetsöýerliligi gelin-gyzlaryñ ünsüni özüne çekipdir. Şeyle daýhan ýigide söýgi duýgularyny mälim edýän bentler-de döredilipdir. Ýigitler monjugatdy oýnuna gatnaşmasalar-da, öz ýanyndan daýhan ýigitlere söýgi besleýän gyzlar, pynhan duşuşyklarda öz bijesine düşen şowly bentler barada öz ýarlaryna buýsanç bilen habar beripdirler.

Monjugatdylar gelin-gyzlaryñ şahyrana döredijiliginiñ baý mazmunly, çeper görnüşleriniñ biridir. Monjugatdylaryñ haýsy zamanlardan yüze çykyp başlandygyny takyk aýtmak kyn. Diñe, takmynan, IX-X asyrlardan bärdäki döwürleri, ýagny aýal-gyzlaryñ öý hojalyk işlerine ymykly baglanan zamanlary çen etmek bolar. Monjugatdylaryñ ösüş we kämilleşiş döwürlerini XVIII-XIX asyrlardyr diýip bellemek mümkin.

Habarlar