turkmen-halysyny-ba-ramy-mynasybetli-halkara-sergi-armarka-guraldy

Türkmen halysynyñ baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarka guraldy

31-nji maýda paýtagt Aşgabatda Türkmen halysynyñ baýramyna bagyşlanyp halkara sergi-ýarmarka gurnaldy.

31 Mayıs 2022 22:32

Türkmenistanda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlanyp halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

Söwda-senagat edarasynda guralan şu gezekki sergi-ýarmarkanyň çäklerinde diňe bir haly önümleri däl, eýsem, milli şaý-sepler, dokma önümleri, ýurduň kärhanalarynda öndürilýän başga-da köp sanly harytlar– gymmatlyklaryň 120-den gowragy görkezildi.

Oňa meşhur halyçylar, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurduň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, medeniýet hem-de sungat işgärleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýurduň meşhur halyçylary gatnaşdylar.

Habarlar