turkmen-halysyny-milli-muze-i

Türkmen halysynyñ milli müzeýi

Türkmen halysynyñ milli müzeýi 2009-njy ýylda Aşgabat şäherinde açyldy.

03 Eylül 2021 21:41

2009-njy ýylda açylyp, halkyň hyzmatyna berlen Türkmen halysynyň milli muzeýi häzirki wagtda diňe bir paýtagtyñ  ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, Aşgabadyň gözelligine aşyk bolup, dünýäniň çar künjeginden onuň ajaýyp keşbini synlamaga gelýän jahankeşdeleriň hem iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Türkmen halkynyñ milli ruhy siňen nepis halylaryň naýbaşylarynyň jemlenen ýeri bolan muzeýde dürli ýyllarda döredilen iki ýüzli halylaryň dört görnüşi, bu nepis sungatyň taryhynda dokalan iň uly halylaryň üçüsi saklanýar. Olar 1941 — 1942-nji ýyllarda dokalan
«Türkmeniň kalby», 2002-nji ýylda dokalan «Türkmeniň Altyn asyry», şeýle-de 2009-njy ýylda döredilen «Galkynyş» atly halylar bolup, muzeýiň myhmanlaryny haýran galdyrýar.

Türkmen halysynyñ milli müzeýi 5 bölümden ybarat. 1-nji bölümde XVII-XX asyrda dokalan halylar sergilenýär. 2-nji bölümde welaýatlaryñ nagyşlary bilen dokalan halylar sergilenýär. Uly göwrümli halylar 3-nji bölümde sergilenýär. 4-nji bölümde haly dokmaçylygynda ulanylýan dürli önümler we enjamlar sergilenýär. 5-nji bölümde bolsa ýurduñ garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soñky döwürde dokalan haly nusgalary sergilenýär.

Habarlar