turkmen-halysyny-milli-muze-inde-2000-e-gola-haly-sergilen-r

Türkmen halysynyñ milli müzeýinde 2000-e golaý haly sergilenýär

Türkmen halysynyñ milli müzeýinde orta asyrlardan zamanamyza çenli gelip ýeten halylar sergilenýär

20 Nisan 2022 18:08

2009-njy ýylda açylyp, halkyň hyzmatyna berlen Türkmen halysynyň milli muzeýi häzirki wagtda diňe bir paýtagtyñ  ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, Aşgabadyň gözelligine aşyk bolup, dünýäniň çar künjeginden onuň ajaýyp keşbini synlamaga gelýän jahankeşdeleriň hem iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Türkmen halkynyñ milli ruhy siňen nepis halylaryň naýbaşylarynyň jemlenen ýeri bolan muzeýde dürli ýyllarda döredilen iki ýüzli halylaryň dört görnüşi, bu nepis sungatyň taryhynda dokalan iň uly halylaryň üçüsi saklanýar. Olar 1941 — 1942-nji ýyllarda dokalan
«Türkmeniň kalby», 2002-nji ýylda dokalan «Türkmeniň Altyn asyry», şeýle-de 2009-njy ýylda döredilen «Galkynyş» atly halylar bolup, muzeýiň myhmanlaryny haýran galdyrýar.

Türkmen halysynyñ milli müzeýi 5 bölümden ybarat. 1-nji bölümde XVII-XX asyrda dokalan halylar sergilenýär. 2-nji bölümde welaýatlaryñ nagyşlary bilen dokalan halylar sergilenýär. Uly göwrümli halylar 3-nji bölümde sergilenýär. 4-nji bölümde haly dokmaçylygynda ulanylýan dürli önümler we enjamlar sergilenýär. 5-nji bölümde bolsa ýurduñ garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soñky döwürde dokalan haly nusgalary sergilenýär.

Ajaýyp sungat eserlerine deňelýän türkmen halylarynyň dünýä ýaýramagynda taryhda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýoluna möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde bu gadymy ugur täzeden dikeldilýär hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde öz beýanyny tapýar.

Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu çözgüt 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara toparynyň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Habarlar