turkmen-medeni-etinde-kece-salma-sungaty

Türkmen medeniýetinde keçe salma sungaty

Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halky haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň şu günlerimize ýetirdi.

27 Ağustos 2021 21:06

Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň. Çünki gözelliklerden zynatly, özüne çekiji, mähir-yhlasdan doly bolan bu senet durşuna ykbal hem sungatdyr.

Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden-gyza geçirip dowam etdiripdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr.

Irki döwürlerde keçe salmagyň ugruny tapan ene-mamalar oňa ilki-ilkiler ýönekeýje, «Emzik», «Äşe», «Gül ýaýdy», «Çopanjyk»... ýaly nagyşlary salypdyrlar. Soň-soňlar öz başarjaňlygy bilen saýlanan zenanlar keçäni «Tüýnükli», «Goçak», «Bäş aýlam», «Sary içýan», «Buýnuzly», «Goşa ýürek»... ýaly nagyşlar bilen bezäpdirler.

Nagyşlar doly çyzylyp bolnandan soňra, olary keçe salyşmaga gelen gyz-gelinler dürli reňkli ýüňler bilen bezeýärler. Keçäniň içki nagyşlary doly taýýar edilenden soňra bolsa, daşyna bir garyş inliliginde guzy ýüňüniň garasyndan gyra gara edilýär. Ine, şondan soňra keçe hasam owadan görnüşe gelýär. Nagşy çyzylyp, gyra garasy berlen keçe saýgyçda saýylyp, ýörite taýýarlanan, boýalmadyk ýüň bilen ýüzlenilýär. Ýüzlenmeli ýüňlerem iki gezek geçilenden soňra, keçe galňaýar. Şondan soň ýaňky keçäni çyzan zenan ýene-de keçäniň ikinji tarapyny çyzmaga oturýar. Ilki gara, sary ýüňler bilen salynjak nagşyň ýeri alnyp, ony belli bir ölçeglerde böleklere bölüp, çyzyp başlaýar. Ikinji nagyşlar, birinjä garanyňda, kyn bolýar. Sebäbi ozal nagyşlanyp, ýüzlenen keçäniň üstünden ýene-de nagyş çekilende, gaty seresaplylygy talap edýär. Öňki salnan nagyşlary eýläk-beýläk süýşürmän, üstüne nagyş salaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Şeýle bolansoň, ýüzlemi ýeten keçäniň üstüne, ýagny arka tarapyna çylşyrymly nagyş salynmaýar. Ýene-de aýratyn bellenilmeli zat, ol hem keçäniň düýrlenip başlanyljak tarapynyň nagşy beýleki tarapynyňkydan azajyk ulurak edilip, ýüňide galyňrak ýüzlenilýär. Şeýle edilmegi keçäniň içki tarapynyň çalt giregen bolýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Keçe salnyp, boldum edilenden soňra, ol gamşy bilen düýrlenip, garnaw ýüp bilenem mäkäm daňylsa, keçä suw guýup çekilende, nagyşlary üýtgemeýär. Bu iş köplük bolup edilýär. Ýaňky düýrlenen keçe çekilmeli ýere eltilip, üstünden ýyly suw guýlup, saman ýazylan ýerde ýuwaşlyk bilen çekilip başlanýar.

Keçe çekmäge ýaş oglanlar, ýetginjekler kömege çagyrylýar. Üstünden suw sepelenip, bir-bir ýarym sagada golaý çekilýän keçäniň ýuwaş-ýuwaşdan ýüňleri basylyp, tekizlenip ugraýar. Keçäni çekip bolýançalar, onuň basylmaly ýeri taýýar edilýär. Gamyş ýazyp, iki gyrasyndan kiçiräk gyzjagazlara ýa-da keçä göz-gulak bolup oturan enelere sakladylyp oturdylýar. Iki gyrasyndan gamyş degip sürtülýän keçeleriň gyra garasy has gowy girýär. Gyrasy gowy degip, basymy ýetirilen keçä «oklaw ýaly» diýilýär.

Yhlasly, irginsiz zähmeti talap edýän keçeler gelin-gyzlaryň bilekleriniň aşagynda tekizlenýär. «Keçe bilekde bişer» diýdirýän keçeler basylyp bolunýança, bilekleriňem sürtülýär.
Keçeleriň görnüşleride dürli-dürli bolýar. Goşma keçe, ýan keçe, tör keçe, gapy keçe, ojak başy keçeleri... Bularyň hersine salynýan nagyşlar hem aýry-aýry bolýar. Ýöne şol keçeleriň ölçegleri, nagyşlary, reňkleri aýry bolsa-da, hemmesi-de gamyşda salnyp, çekilip basylýar.
Gelin-gyzlar el işlerini her döwürde-de nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini nesilden-nesle geçirip, dowam etdiripdirler.

Bu sungat asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, täze röwüşlere beslenip, has-da kämilleşdirilýär. Zenanlaryň el işlerinde olaryň çäksiz ussatlygy, irginsiz zähmeti, yhlasy görünýär. Çeper elli zenanlar nagyşlara öz halkynyň taryhyny, göwün matlabyny, arzuw-hyýallaryny siňdirip bilipdirler.
 

Habarlar