turkmen-saz-guraly-dutar

Türkmen saz guraly dutar

Türkmen saz guraly dutar, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

11 Şubat 2022 23:01

Türkmen halkyñ aýdym-saz dünýäsinde Dutar iñ ýörgünli saz gurallaryñ biridir. 

Dutar, saz gural hökmünde, Merkezi Asiýada dürli halklaryñ arasynda, ýörgünli gural bolup we her halkda öz diýalektine görä, meñzeş atlary bar. 

Dutar, Türkmen halkyñ milli duýgusynyñ guraly bolup, Türkmen ady bolany bäri halk sungaty bolup, ýüreklerde ýañlanyp, gahramançylyk söweşleri, gaýduwsyz göreşleriñ buýsanjy, Türkmeniñ milli guwanjynyñ we buýsançly durmuşynyñ hekaýasyny, şahyrlaryñ paýhaýsly goşgularyny, hünärli we owadan çeperçilik bilen bize beýan edýär.

Türkmen saz dünýäsinde, Dutar türkmen durmuşymyzyñ taryhy wakalaryny suratlandyryp, buýsançly Türkmen halky öz bolşuny, saz bilen dünýä jar edip, wasp edýär. Kim-de kim Dutar öwrenjek wagty, eger-de Türkmen halkyñ ösüş taryhyny yzarlap we özüniñ medeniýet durmuşyny tanap bilse, onda şol Dutarçy saz çalan wagty, sazyñ ýa-da aýdymyñ hakyky we açyk manysyny geljekki nesle tabşyryp biler. 

Dutar esasanam 3 sany 1.kädi  2.sap  3. Gapak bölekden emele gelýär. Dutaryň kädisi tut agaçdan ýasalýar. Kädi ýasalan wagty her bir ussa özüniň bejerliş usulyna göre, uly ýa kiçi edip ýasaýar. Dutaryň sapy erik agajyndan ýasalýar.  Kädi we sap, ikisi–de agajyň ortarasyndan (maňzyndan) kesilip alynýar. Dutaryň gapagy, tut agajyndan ýasalýar. Dutar owazy 2 sany kirş bilen ýaňlanýar. Kirşleriň inçe we ýogynlyk derejesi dutaryň owazyny köp ütgetýär. Dutary täze öwreňjiler üçün kirş inçe bolsa onuň barmaklaryň asuda we tiz hereket etmegine uly roly eýeleýär. Dutarda saz çalmak üçün 13 sany Perde ýerleşýär. 

Dutaryň kirşleri owazlanar ỹaly 2 sany eşek, (agaçdan ýasalan, kiçijik köpri) boýnuz dutaryň bölekleriniň üstünde goýlandyr. 1-nji eşek şeytan perde bilen we kirşleriň gulogynyň arasynda bejerlen 2-nji dutaryň gapagnyň üstünde ýerleşýär. Boýnuz bolsa kädiň aşagynda ýerleşdirilendir. 

Habarlar