turkmen-turk-doganlygy

Türkmen-Türk doganlygy

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar günsaýyn ösýär. Iki doganlyk ýurduñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ ösmegi sebitiñ söwda pudagynyñ ösmeginde esasy rol oýnaýar.

28 Kasım 2021 12:38

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynda, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barha güýçlenýär.

Türkiýäniň we Türkmenistanyň prezidentleri iki ýurduñ arasynda günsaýyn pugtalanýan gatnaşyklary "süňk doganlygy" sözleri bilen häsiýetlendirýärler.

Prezident Erdogan: “ýadyñyzda bolsa, prezident bolanymdan soň, 2014-nji ýylyň 6-7-nji noýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna ilkinji resmi saparymy Türkmenistana gurapdym."-diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TRT World teleýaýlymyna beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çekip, taryhy gatnaşyklara we Prezident Erdoganyň goşantlaryny şu sözler bilen belläp geçdi:

“doganym Rejep Taýyp Erdoganyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandyny aýratyn belläsim gelýär. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini bilelikde gurýarys. "-diýdi.

Prezident Berdimuhamedow: “Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýäniň hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa, Hazar we Garadeňiz sebitleriniň ösüşine oňyn täsir edýär. Üç döwlet Ýewraziýanyň bu böleginde uzak möhletli durnuklylygyň berk binýadyna goşant goşýar."-diýdi.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammiti, iki döwletiñ arasyndaky gatnaşyklarda “öwrülişik nokady" hökmünde häsiýetlendirilýär.

Habarlar