turkmeni-arwana-du-esi

Türkmeniñ Arwana düýesi

Türkmenistan, ýeke örküçli arwana düýeleriñ iñ köp ýaýran ýeridir.

26 Kasım 2021 19:13

Türkmenistanyñ Ahal welaýatynyñ Kaka etrabynyñ Mäne obasynyñ golaýyndaky biziñ eýýamymyzdan öñki 4-11-nji müñýyllykda ýaşaýyş bolan Altyndepede tapylan düýä tirkelen dört tigirli arabañ palçykdan ýasalan şekili hem mundan bäş müñ ýyl ozal Türkmenistanyñ çäginde düýedarçylyk bilen meşgullanylypdyr diýmäge esas berýär.

Türkmenistan ýeke ör­küç­li ar­wa­na­ düýeleriñ iñ köp ýaýran ýeridir.   Arwana düýeleri Türkmenistanyñ gurak we yssy howasyna, Garagumyñ giñ sährasyna iñ uýgunlaşan tohum bolup türkmen halkynyñ umumy adamzat siwilizasiýasyna çykaran gaýtalanmajak sungatydyr.

Türkmen hakynyñ durmuşynda Arwana düýesiniñ ähmiýeti örän uly. Şonuñ üçinem Türkmenistanda Arwana düýesiniñ tohum arassalygyny, ginetiki aýratynlygyny saklamaga, goramaga uly üns berilýär. Öz tebigaty boýunça Arwana düýesi asuda, agras, akylly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Arwana düýesi Türkmenistanyñ çaginde ähli welaýatlarynda giñ ýaýrandyr. Aýratynam ol Garagum çölüne diýsen uýgunlaşan. Garagumy düýesiz göz öñüne getirmek mümkin däl. Türkmenlerde düýäñ piri Weýis baba hasaplanýar. Rowaýatlara görä Weýis Baba, gadymy zamanlarda belli düýe çopany bolupdyr. Düýe barada onuñ bilmeýän zady ýok eken. Türkmenlerde düýe çopanyna “sarwan” diýilýär. Özüniñ  syrly aýratynlyklary bilen arwana düýesi Garagumyñ jöwzaly yssy şertlerinde arkaýyn ýaşap bilyär. Tomus aýlarynda Garagumda howanyñ gyzgynlygy 50-60 derejä baranynda-da düýe ýasy dawanyna arkaýyn gezip ýada arka dawanlaryndaky we döşindäki şeyle-de jübit-jübitden dyzlaryndaky goluñ çykýan ýerlerindäki we butlaryñ tirseklerindäki yssa hem-de sowuga çydamly gaty gabarçyklañ dokuz nokadyñ üstünde arkaýynlykda çökip  oturyp bilýär. Ol “çök” diýip çökerilýär “çuw” diýibem turuzylýar. Düýe çöken wagty  uzyn aýaklaryny epin epin edip öz aşagyna ýygnap bilýär. Tabak şekilli tegelek dawanlary ürgün çägede düýäni çägä batyrmaýar. Arwana düýesi suwyñ gyt ýerinde ownuk mallaryñ iýip bilmeýän iri ballakly otlary, gyrymsy agaçlaryñ we odun çöpleriñ pürleri bilen ýyl boýy oñyp bilýär. Ýandak  bolsa düýäniñ iñ oñat görýän höregidir. Düýe yssy howada bir hepdeden on güne çenli suwsyz oñyp bilýär. Düýäniñ içýän suwunyñ mukdary onuñ suwsuzlyk derejesi bilen baglydyr.
Durmuş tejribesin,  hünärmenleriñ ýazmagyna görä günde iki gezek suwa ýakylýan düýe her gezek howlukdyrylmasa 15-20 minutda 3-4 bedre suw içýär. Gaty suwsan düýe 135 litre çenli suw içip bilýär. ýaşynyñ ulalmagyna göra arwana uzak aralykda suw bardygyny 10 kilometr aralykdan hem duýýar. Tomsuñ jöwzaly yssysynda uzak wagtlap suwsuzlyga çydamlylygynyñ esasy sebabiniñ biri onuñ örgüjünde köp ýag toplap bilýändigidir. Gyşda bolsa düýe uzak wagtlap suw içmän çydap bilýär. Düýe jöwzaly yssyda beýleki haýwanlar ýaly salkyn ýeri gözläp ýörmeýär. Arwana düýesiniñ iñ syrly häsiýetlerinden biri bolsa onun aşa suwsan mahaly gös göni güne bakyp oturmagy.

Arwana düýesi özüniñ agras häsiýeti, gurak we yssy howa çydamlylygy, hojalykdaky ýük daşamak talaplaryny kanagatlandyrmaga ukyplylygy bilen türkmene in ýakyn mallardan biridir.

Türkmenler düýäni ulag hökmünde has irki döwürlerde ulanyp başlapdyrlar. Suwsuz çöllerde, çägeliklerde münmek, ýük daşamak üçin asyrlar boýy çalşyrylyp bolmajak ulag hökmünde arwana düýeleri adamlara hyzmat edip gelipdir. Irki döwürlerde agyr ýükleri uzak aralyklara aşyrmak üçin düýe kerwenleri esasy serişde bolupdyr. Beýik ýüpek ýolunyñ esasy ýeke täk diýen ýaly ulagy düýeler bolupdyr.
Garagumuň jümmüşinde ýaşaýan islendik hojalygy düýesiz göz öňüne getirmek kyn. «Düýe maly-dünýe maly» diýlişi ýaly, düýäniň eýesine wepalylygyna, hamraklygyna haýran galaýmaly. Çarwa obalarynda düýe bakmak ýaly asylly kär bilen meşgullanýan döwletli çopanlaryň ençemesi bar.

Türk­men ar­wa­na­sy özü­niň sag­ly­ga peý­da­ly ýü­ňi, süý­di, eti, de­ri­si bi­len beý­leki­ler­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Önüm­çi­lik şert­le­rin­de ar­wa­na dü­ýe­ler or­ta­ça 20-25 ýyl ýa­şa­ýar­lar. Şol döw­rüň için­de je­mi 8-10 kö­şek ber­ýän ar­wa­na dü­ýe­le­ri or­ta­ça 400-600 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bol­ýar. Türk­men arwa­na­sy­nyň süýt­li­li­gi hem beý­le­ki to­hum­lar­dan iki es­se ýo­ka­ry­dy­gy bi­len tapa­wut­lan­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ar­wa­na dü­ýe­le­ri­niň sa­gym döw­rü­niň do­wa­myn­da 2000-2500, kä­bir süýt­li dü­ýe­le­riň bol­sa 4000 lit­re çen­li süýt ber­ýän­di­gi anyk­la­n­dy.
Dü­ýe öz köşegini bir ýyl­lap gö­ter­ýär. Şo­nuň üçin dü­ýe­ler kö­şe­gi ýyl­da däl-de, ýy­la­şa ber­ýär.

Dü­ýe ça­ly­nyň jöw­za­ly ys­sy­da suw­suz­ly­gy­ňy gan­dyr­ýan iç­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, iç­ki sy­na­la­ryň dür­li ke­sel­le­ri ze­rar­ly ýü­ze çy­kan bo­zul­ma­ny di­keld­ýän­di­gi­ni alym­lar anyk­la­dy. Şeý­le hem dü­ýä­niň süý­di, ça­ly, aga­ra­ny inçe­ke­se­li be­jer­mek­de gym­mat­ly der­man ha­sap­lan­ýar.
Dü­ýe süý­dü­niň ýag­ly­ly­gy, dü­zü­min­de be­lok we mi­ne­ral mad­da­la­ry­nyň köp­lü­gi on­dan bir­nä­çe gör­nüş­li önüm­le­ri taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Dü­ýe süý­dün­den çal, aga­ran, doý­ran, süz­me, gurt ýa­ly önüm­ler alyn­ýar. Bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da ka­bul edil­me­li süýt we süýt önüm­le­ri­niň için­de dü­ýe süý­dü­ni we onuň önüm­le­ri­ni peý­da­lan­mak has yg­ty­bar­ly bol­sa ge­rek. Se­bä­bi dü­ýe süý­di aş­ga­zan-içe­ge, ýü­rek-da­mar, dem alyş, iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­nyň nä­sazlyk­la­ry­nyň we bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­ri­ň be­jer­gi­si­niň tä­si­ri­ni art­dyr­ýan­dy­gy­ny alym­lar su­but et­di. Dü­ýä­niň süý­di we eti ber­hiz­lik mal önü­mi ha­sap­la­ny­lyp, oňa Türkmenistanyň is­len­dik kün­je­gin­de köp is­leg bil­di­ril­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de dü­ýe süý­dü­niň dü­zü­min­de adam üçin ze­rur bo­lan ýa­gyň, ug­le­wo­dyň, be­lo­gyň, mi­ne­ral mad­da­la­ryň we wi­ta­min­le­riň 100-den gow­ra­gy­nyň sak­lan­ýan­dy­gy anyk­la­nyl­dy. Olar bol­sa be­de­ni­miz ta­ra­pyn­dan ýe­ňil öz­leş­di­ri­lip, aş­ga­zan-içe­ge ýol­la­ryn­da­ky dür­li nä­saz­lyk­la­ryň, howp­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Dü­ýe süý­dü­niň dü­zü­min­de süýt şe­ke­ri, be­lok, ka­ze­in, al­bu­min we glo­bu­lin ýa­ly wi­ta­min­ler sak­lan­ýar. Baş­ga önüm­ler­de duş gel­me­ýän ka­ze­in dü­ýe süý­dün­de kal­siý fos­fat top­lu­my gör­nü­şin­de ýer­leş­ýär. Dü­ýe ça­ly taý­ýar­la­ny­lan­da bir­nä­çe fer­ment­le­riň tä­si­ri esa­syn­da ka­ze­in düý­bü­ne çö­küp, al­bu­min we glo­bu­lin suw gör­nü­şin­de süý­düň ýü­zü­ne çyk­ýar. Dü­ýe süý­di zy­ýan­ly be­den­jik­le­ri öl­dü­ri­ji hä­si­ýe­te eýe­dir. Hut şeý­le der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni gö­rüp, dur­muş­da peý­da­la­nyp gel­ýän Türkmen halky «Dü­ýe ça­ly – der­de dä­ri» diý­ýär.

Habarlar