turkmeni-milli-tagamlaryny-biri-dograma

Türkmeniň milli tagamlarynyň biri: Dograma

Dograma türkmenleriň milli naharydyr we ýörite baýramçylyklarda, esasanam Gurbanlykda edilýär.

20 Ağustos 2021 20:01

Dograma taýýarlamak üçin tamdyra petir çörek ýapmaly. Goýun soýup, etini gazana atyp, gerek mukdardaky suwy guýup gaýnatmaly. Gaýnandan soň, pomidor atyp azajyk gyzartmaly. Et akyp bişmeli. Oňa çenli üýşüp, petir çöregi dogramaly. Çöregine görä soganyny hem maýdajyk dogramaly. Aka bişen eti çykaryp, çöregiň üstünde maýdajyk edip dogramaly.

Et, çörek, sogan dogralandan soň hemmesini gowy edip garmaly. Dograma gurak bolsa, azajyk çorbasyndan alyp sepeläp, ýene-de gowy edip garmaly. Garylansoň bir-iki sagat basyryp goýsaň, etiň, soganyň ysy çörege siňip, üýtgeşik tagam emele gelýär.

Taýýar bolan dogramany saçagyň bir ujuny açyp, şakäselere, tabaklara salyp, üstüne gaýnap duran çorbadan guýup, saçaga äberibermeli. Dograma gurplandyryjy tagamlaryň biri. Dogramany çaýyň ýany bilen gury iýseň hem bolýar.
 

Habarlar