turkmeni-mirasynda-kece-sungatyny-orny-atly-sergi

«Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny» atly Sergi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny» atly sergi guraldy.

17 Şubat 2021 11:49

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny» atly sergi guraldy.

Sergide muzeýiň «Maddy gymmatlyklar» gaznasynda goralyp, aýawly saklanylýan, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen keçe we keçe önümleriniň birnäçesi, ýagny, düşeklik keçeler, ojakbaşy, atkeçeleri, keçeden bukjalar, keçe asmalyk we keçe taýýarlamak üçin ulanylýan zähmet gurallary bolan ýüň daraklar, dürli reňkli ýüňler we pişgeler görkezilip, türkmen zenanynyň keçäni gülläp oturan pursady hem sergä aýratyn gözellik berýär. Şeýle-de serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ö.Mämmetnurowyň keçe sungatyna bagyşlap döreden birnäçe eserlerini hem görmek bolýar.

Habarlar