turkmeni-sa-rak-bilbili-ma-a-kuly-ewa

Türkmeniň saýrak bilbili Maýa Kulyýewa

Ussat aýdymçy Maýa Kulyýewa aýdym-saz sungaty bilen türkmen halkyny dünýä tanatdy.

17 Aralık 2021 18:59

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa türkmen opera teatrynyň ilkinji aýdymçylarynyň biridir. Ýaşan manyly ömrüni türmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine bagyşlap, diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da tanymal sahna ussady, opera aýdymçysy hökmünde giňden tanalan Maýa Kulyýewanyň sungat ýoly bu günki günde köpler üçin nusgalyk ýol-ýörelgedir. Guýmagursak zehini bilen özüne ynanylan gahrymanlarynyň başdan geçirýän ruhy ahwallaryny mahmal owazly sesi bilen tomaşaçylara ussatlarça ýetirip, Türkmen halkynyň ruhuny belende götermegi başaran aýdymçynyň ady alyslara ýaýraýar. Ýaşlygyna garamazdan, doga zehini bilen tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdymçy teatrdaky esasy işiniň daşyndan halk aýdymlaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Munuň özi onuň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmagyna uly mümkinçilikleri döredýär.

Maýa Kulyýewa 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda eneden doguldy. 1938-1941-nji ýyllarda Moskwa-nyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap, opera teatrynyň aýdymçysy hünärini ele aldy. Ol zähmet ýoluna 1941-nji ýylda ozalky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň ikinji derejeli artisti bolup işe başlady. 1945-1992-nji ýyllarda şol teatryň ýokary derejeli opera solisti, 1992-2001-nji ýyllarda baş režissýory, oýun goýujy režissýory, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sah-na ussady derejesi boýunça drama artisti wezipelerinde işledi.

Maýa Kulyýewanyň ajaýyp sesi, artistlik zehini, drama ukyby aýdymçy zenana uly meşhurlyk getirdi. Ol öz aýdymlary bilen dünýä ýüzüne aýlanyp, türkmen aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa türkmen opera teatrynyň ilkinji aýdymçylarynyň biridir. Ýaşan manyly ömrüni türmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine bagyşlap, diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da tanymal sahna ussady, opera aýdymçysy hökmünde giňden tanalan Maýa Kulyýewanyň sungat ýoly bu günki günde köpler üçin nusgalyk ýol-ýörelgedir. 1941-nji ýylda Aşgabatda açylan opera we balet teatrynda sahnalaşdyrylan «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Şol ýyllarda guýmagursak zehini bilen özüne ynanylan gahrymanlarynyň başdan geçirýän ruhy ahwallaryny mahmal owazly sesi bilen tomaşaçylara ussatlarça ýetirip, Türkmen halkynyň ruhuny belende götermegi başaran aýdymçynyň ady alyslara ýaýraýar. Ýaşlygyna garamazdan, doga zehini bilen tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdymçy teatrdaky esasy işiniň daşyndan halk aýdymlaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Munuň özi onuň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmagyna uly mümkinçilikleri döredýär.

Ol teatryň sahnasynda A.Kulyýewyň we B.Şehteranyň «Ýusup-Ahmet» atly operasynda, A.Şapoşnikowyň «Bägül we Bilbil» atly operasynda Gunçanyň, Ý.Korsakowyň «Ajap gelin» sahna oýnunda Marfanyň, P.Çaýkowskiýniň «Ýewgeniý Onegin» operasynda Tatýananyň, Gunonyň «Faust» operasynda Margaritanyň, «Karmen» operasynda Mikaelanyň, «Şa gelinligi» operasynda Marfiýanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Maýa Kulyýewa teatryň sahnasynda ilkinji gezek nusgawy rus edebiýatynyň görnükli wekili A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» atly romany boýunça sahnalaşdyrylan adybir operada baş gahryman Tatýananyň keşbini janlandyrýar. Ol türkmen teatrynda sahnalaşdyrylan Ýewropa eserinde baş gahrymanyň keşbini döreden ilkinji opera aýdymçysydyr.

Maýa Kulyýewa milli kino sungatyň ösmeginde-de özboluşly goşant goşmagy başardy. Ol 1945-nji ýylda surata düşürilen «Jadyly hrustal» 1954-nji ýylda surata düşürilen «Çopanyň ogly» çeper filminde Şekeriň, 1979-njy ýylda surata düşürilen «Gün wagty» çeper filminde Baharyň ejesiniň ýatdan çykmaz keşplerini döretdi. Maýa Kulyýewanyň ýüregi we kalby elmydama ylham joşgunyna, yhlasa we ýaşaýşa bolan söýgä beslendi. Türkmen opera sungatynyň ke-mala geliş taryhy onuň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýyl ýazgysyny täze sa-hypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy.

Şol ýyllarda teatr Türkmenistanyň dürli künjeklerinde döredijilik saparlarynda bolýar. Oba zähmetkeşlerini täze sahnalaşdyrylan operalar bilen tanyşdyrmagy göz öňüne tutup guralan bu saparlaryň dowamynda sungat muşdaklary öz söýgüli aýdymçylarynyň birine öwrülen Maýa Kulyýewany uly hormat bilen garşylap, oňa ter bägülleriň çemenini gowşurýarlar. Ol nirede bolsa-da, belent adamkärçiligi, guýmagursak zehini bilen hemmeleriň göwnüni awlamagy başarýar. Tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan ussat aýdymçy hemişe milli sungatymyzy belent sarpalap, ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, özi ýaly tanymal sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada edýär. Oba adamlary, zehinli ýaşlar bilen geçirilen döredijilik duşuşyklarynda-da ol milli sungatyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gürrüň berýär. Mähir-mylakatly, milli sungatymyza bütin durky bilen berlen ussat aýdymçynyň gatnaşmagynda geçirilen şeýle duşuşyklar ýaş zehinleriň öz ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagyna, olaryň sungatda özboluşly yz galdyrmagyna täsir edýär.

Ady rowaýata öwrülen Maýa Kulyýewa dürli ýyllarda Hindistan, Owganystan, Indoneziýa, Polşa, Wengriýa, Mongoliýa, Türkiýe ýaly döwletlerde döredijilik saparlarynda bolmak miýesser etdi. Ol bu döwletlerde bolanda, bilbil owazy bilen aýdym-saz sungatymyzy belende göterdi. Onuň aýdan türkmen halk aýdymlary dostlukly ýurtlaryň sungat muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanyp, oňa gujak-gujak güller sowgat edildi. Türkmen we dünýä halklarynyň arasynda sungat arkaly dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowam etmegine goşant goşdy. Ussat aýdymçy aýdym-saz sungaty bilen türkmen halkyny dünýä tanatdy.

Maýa Kulyýewa Garaşsyzlyk döwründe baý tejribesi bolan sahna ussady hökmünde ol ýurduň teatr režissýorlary, kompozitorlary, aýdymçylary bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, olaryň gündelik iş-aladalary bilen içgin gyzyklandy. Onuň hut özüniň halypalyk etmeginde türkmen milli opera sungatynyň taryhyna giren «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Magtymguly», «Görogly», «Aýna» ýaly operalar bu günki günde täzeden dünýä doldy.

Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, halypa aýdymçy opera aýdymçylarynyň täze nesliniň ýetişmegi üçin ähli gujur-gaýratyny sarp etdi. Onuň şägirtleriniň köpüsi bu günki günde ýurduň çäginden daşarda-da giňden tanalýan sungat ussatlary bolup ýetişdiler.

Gaýtalanmajak zehini bilen milli sungaty ösdürmekde bitiren bimöçber hyzmatlary üçin Maýa Kuyýewa ençeme döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.
Türkmeniň saýrak bilbili Maýa Kulyýewa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara, 1955-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly ada eýe boldy. 2007-nji ýylda Maýa Kulyýewa ýaş sungat işgärlerini ýetişdirmek boýunça halypalyk işi hem-de köp ýyllap çeken döredijilikli we ak ýürekli zähmeti üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.  2008-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 17 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan gününde hormatly Prezidentiñ Permany bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiň we onuň edermen halkynyň öňünde bitiren aýratyn gömükli hyzmatlary, ata Watanyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, gazanan ajaýyp üstünlikleri üçin Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen, 2014-nji ýylda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. 2015-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi boldy.

2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medallary, şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, saz­ly sah­na­da aja­ýyp keşp­le­riň en­çe­me­si­ni dö­re­dip, Türkmen halkynyñ  çyn ýü­rek­den söý­gü­si­ne, ab­ra­ýa hem-de hor­ma­ta my­na­syp ho­lan ar­tist, türk­men ope­ra­sy­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aý­dym­çy­sy Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2018-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de 98 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy.

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň ýü­re­gi we kal­by el­my­da­ma yl­ham joş­gu­ny­na, yh­la­sa we ýa­şaý­şa bo­lan söý­gä bes­le­nen­di. Türk­men ope­ra sun­ga­ty­nyň ke­ma­la ge­liş ta­ry­hy onuň ady bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ol ge­çen asy­ryň 40-njy ýyl­la­ryn­da mil­li ope­ra sun­ga­ty­nyň ýyl­ ýaz­gy­sy­ny tä­ze sa­hy­pa­dan ýa­zyp baş­lan sun­gat iş­gä­rle­ri­niň ha­ta­ryn­da bo­lup­dy.

Onuň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Hojadurdy Annaýew ýurdumyzda ussat opera aýdymçysy hökmünde giňden bellidir. Ol «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Abadan», «Kemine we kazy» ýaly milli operalarymyzda birnäçe ýatda galyjy keşpleri döretdi. Hoja aga goşgy ýazmak bilen içgin meşgullanypdyr. Hoja aga dürli ýyllarda «Watan», «Daglaryň», «Istemen», «Gözlemen», «Näzli ýar», «Toý bahary», «Hemaýat» ýaly goşgulary bar. Ol bu goşgulary Aşgabat şäherinde hem-de Mary, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda döredijilik saparlarynda bolan mahaly döredipdir.

Habarlar