turkmenistan-2022-nji-yly-ilkinji-iki-a-ynda-hyta-y-i-kop-tebigy-gaz-satyn

Türkmenistan, 2022-nji ýylyñ ilkinji iki aýynda Hytaýyñ iñ köp tebigy gaz satyn alan ýurt boldy

Türkmenistan, 2022-nji ýylyñ ilkinji iki aýynda Hytaýa 1,44 milliard dolar tebigy gaz eksport etdi.

24 Mart 2022 13:51

Türkmenistan 2022-nji ýylyñ ýanwar we fewral aýynda Hytaýa 1,44 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport edip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tebigy gaz eksportyny 1,47 göterim ýokarlandyrdy.

Hytaýa tebigy gaz eksportynda Türkmenistan birinji hatarda, Russiýa 526,9 million dollar bilen 2-nji, Mýanma 224,6 million dollar bilen 3-nji, Gazagystan 105,1 million dollar bilen 4-nji we Özbegistan 48,4 million dollar bilen 5-nji hatarda orun alýar.

Türkmenistanyň 2-nji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyñ fewral aýynda Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy. ıki lideriñ duşuşygynda Türkmenistan-Hytaý arasynda goşmaça 4-nji tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyñ gurulmagy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Taslamanyñ durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistanyñ Hytaýa ýyllyk tebigy gaz eksportynyñ 65 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kub metr tebigy gaz eksport etdi.

Habarlar