turkmenistan-ceper-filmi-mukamy-syry

Türkmenistan çeper filmi: “Mukamyň syry”

“Mukamyñ syrry” çeper filmi, 1974-nji ýylda Sowet Respublikasynyň film festiwalynda iň gowy film baýragyna mynasyp boldy.

23 Nisan 2022 12:38

1929-njy ýylda kompozitor Wiktor Uspenskiý «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

Kaluga şäherinde doglan Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý harby kadetler korpusyny tamamlap, Kawkazda gulluk edýär. Ýöne ýigidi şowlaýan harby işi kanagatlandyrmandyr, köňlünde möwç urýan aýdym-saz oňa gije-gündiz rahatlyk bermändir. Galyberse-de, ol gaýry medeniýet adamlaryna hoşamaý garaýan saýhally adamlaryň hilinden ekeni. Wiktor Aleksandrowiç harby gullugy taşlap, kompozisiýa hünäri boýunça Sankt-Peterburg konserwatoriýasyny tamamlaýar.

1918-nji ýylda ykbal ony Orta Aziýa getirýär, rus kompozitory bu ýerde ömrüni Orta Aziýa halklarynyň baý aýdym-saz medeniýetini saklap galmaga bagyşlaýar. Ol, Türkmenistanda ilkini etnografik işine başlaýar. 1925-nji ýyldan başlap Türkmenistan boýunça folklor saparlarynyň üçüsini geçirýär. Dört ýyl, käte agyr we howply saparlarda suw ýetmezçiligine garamazdan ýolbeletler bilen iň alys obalara çenli barypdyr. Beýle gujur-gaýrat Wiktor Alkesandrowiç ýaly yhlasyna wepaly adamlara mahsus. Galyberse-de, onuň hoşamaýlygy we aýdym-saza höwesi ýerli bagşy-sazandalary özüne bendi edipdir, olar hem Uspenskä elden gelen kömegini gaýgyrmandyrlar.

4 ýyla çeken güzaply işiň netijesinde halk aýdymlarynyň we sazlarynyň 350-den gowragy nota geçirilýär. Olaryň esasy bölegi W.A.Uspenskiniň W. Belýaýew bilen bilelikde ýazan «Türkmen sazy» atly monografiýasyna girizilýär. Bu ajaýyp monografiýanyň çapdan çykanyna 100 ýyl geçen bolsa-da, ol häli-häzire çenli sazçylyk ýörite orta hünär mekdepleriniň we konserwatoriýanyň talyplarynyň ýankitabyna öwrüldi.

Türkmen halk saz älemindäki bu zähmetsöýerligi hatyralap, SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew «Mukamyň syry» filmini surata düşürýär. Filmiñ ssenariýasyny bagşyçylyk sungatynyň aşygy Hudaýberdi Durdyýew ýazýar.  Bu filmde ilkinji türkmen zenan bagşy Karkaranyñ durmuşy gürrüñ berilýär.

Karkaranyň keşbini döreden Liza Garaýewa kameranyň öňünde özüni erkana alyp barýardy, döredýän keşbini ussatlarça ýerine ýetirýärdi. Ýöne ol dutar çalyp bilmeýärdi, filmde bolsa onuň saz çalýan ellerini uly planda görkezmelidi. Eger film häzirki döwürde düşürilen bolsa beýle mesele aňsat çözülerdi, sebäbi häzir bagşy-sazanda zenanlar kän. Filmin çekilen döwründe limdir biri sazçylyk ýörite orta hünär mekdebiniň talyp gyzlaryndan biriniň dutar çalmaga ökdedigini aýdýar we şeýdibem şol gyzyň eli surata düşürilipdir.

“Mukamyň syry” filmi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ol Türkmenistanyň kinematografiýasynyň altyn hazynasyna girdi. Şunda Nury Halmämmedowyň ýazan sazy hem uly ähmiýetli bolupdy. Belki-de, şol saz sebäpli we Karkaranyň göreldesine eýerip türkmen gyzlarynyň ençemesi eline dutar alandyr. W. Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitaby iki jiltde çap edilensoň-a, onuň meşhurlygy has-da artdy.

Habarlar