turkmenistan-e-rana-elektrik-energi-asy-satuwyny-kopeld-r

Türkmenistan Eýrana elektrik   energiýasy  satuwyny köpeldýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Reza Ardakanian geçiren metbugat ýygnagynda Türkmenistandan ep-esli mukdarda elektrik togunyň satyn alynjakdygyny habar berdi.

11 Şubat 2021 14:04

Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Reza Ardakanian geçiren metbugat ýygnagynda: “Türkmenistan bilen elektrik   energiýasy üpjünçiligi  gepleşiklerini täzeden başladyk. Türkmenistandan ep-esli mukdarda elektrik toguny satyn almak kararyna gelindi " diýdi.

Türkmenistan we Eýran arasynda türkmen elektrik energiýasyny satyn almak, satmak we üstaşyr geçirmek boýunça köpden bäri hyzmatdaşlyk dowam edýär. Eýran, Owganystan we Özbegistan türkmen elektrik energiýasynyň esasy importçylarydyr. Türkmenistanda ýakyn geljekde goňşy ýurtlara elektrik üpjünçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär. Elektrik energiýasy pudagyny ösdürmek meýilnamasyna görä, 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ýylda 33 milliard kilowat sagada ýetirilmegine garaşylýar. Bu maksada ýetmek üçin türk kompaniýalary tarapyndan täze elektrik stansiýalarynyň we hyzmat merkezleriniň gurluşygy dowam edýär.

Habarlar