turkmenistan-gazagystana-tebigy-gaz-eksport-eder

Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz eksport eder

Türkmen tebigy gazyñ Gazagystana eksporty babatynda ylalaşyk gazanyldy.

21 Mayıs 2022 20:05

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Duşuşykda Türkmen tebigy gazyñ Gazagystana eksporty babatynda ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle-de duşuşykda söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Ýylda 83 milliard kub metr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan Hytaý, Russiýa we Azerbaýjana tebigy gaz eksport edýär.

Habarlar