turkmenistan-halkara-ucar-gatnawlary-baslatmagy-me-illesdir-r

Türkmenistan halkara uçar gatnawlary başlatmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, ýakyn wagtda halkara uçar gatnawlarynyñ gaýtadan dikeldilmegi boýunça görkezme berdi.

12 Haziran 2022 20:24

Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Agentligiň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklaryň ösüşine gönükdirilen resminamalar we olar boýunça zerur çözgütler kabul edildi.

Türkmenistan 1-nji iýunda hepdede 1 gezek bolmak bilen Aşgabat-Dubaý we Aşgabat-Kazan uçar saparlaryny başladypdy. 

Habarlar