turkmenistan-halkara-uk-awtoulaglaryny-e-randan-ozbegistana-ustasyr-gecmegine

Türkmenistan halkara ýük awtoulaglarynyň Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmegine rugsat berer

Türkmenistan, 1-nji iýundan başlpa Eýrandan gelen halkara ýük awtoulaglarynyň öz çäginden Özbegistana geçişine rugsat berer.

23 Mayıs 2022 16:06

Türkmen awtoulag döwlet gullugynyň web sahypasynda berilen beýannamada, Türkmenistanyň 1-nji iýundan Sarahs-Farap-Sarahs ýolunda halkara ýük awtoulag tranzitini kabul etjekdigi habar berildi.

Beýannamada: "Türkmenistan halkara transport mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak we halkara ýük gatnawynyň sanyny artdyrmak üçin Sarahs-Farap-Sarahs ýolundan üstaşyr geçmäge rugsat berer" –diýildi.

Habarlar