turkmenistan-hyta-gaz-gecirijisini-4-nji-sahasyny-gurlusygyny-taslamasy-bo-u

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazanyldy

Pekinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

06 Şubat 2022 12:51

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Saparynyñ çäginde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

HHR-nyñ başlygy Si Szinpin XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini nygtady.

Prezident Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň Hytaýyň täze ýylynyň ilkinji günlerinde geçýändigine örän şatdygyny belledi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa gelip görmäge çakylygy üçin HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, bu gezekki saparyň hem-de şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de HHR-nyñ başlygy Si Szinpin wajyp döwletara gatnaşyklarynyň ähmiýetli ugurlaryna üns berdiler we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljekki ugurlary nazara alyp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi.

Türkmen Lideri bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede açylmandygyny belläp, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-a ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtap “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň seljerilmelidigini aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy. 

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. 

Habarlar