turkmenistan-owganystana-ynsanperwerlik-komegini-ugratdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy

Türkmenistan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugratdy.

15 Aralık 2021 12:14

Türkmen tarapy doganlyk owgan halkyna Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerinden, azyk senagatynyň harytlaryndan ybarat bolan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýükleri, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerini özünde jemleýän ynsanperwerlik kömeginiň gowşurylmagyny üpjün etdi.   

Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Owgan tarapyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Şer Muhammad Abbas Stanikzaý, Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Yslamjar, şeýle-de Owganystanyň beýleki degişli  pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.  

Bitarap Türkmenistanyň ulgamlaýyn esasda goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly çözülmegi ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigini hem bellemek zerurdyr.

Ynsanperwerlik kömegini gowşurmak dabarasy tamamlanadan soňra türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan Owganystanyň Akina şäherçesiniň täze metjidinde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.

Habarlar