turkmenistan-teleradio-a-lymlar-merkezi

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi

“Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi paýtagtyň günortasynda, Köpetdagyň belent gerşiniň üstünde ýerleşip, ol dünýäde deňiz derejesinden ýokarda duran iň iri we iň beýik binalaryň biridir.

05 Şubat 2022 07:02

2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 2111 metre barabar bolan minara — “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, “dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyz” diýen at bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Teleradiomerkeziň üstünde güýçli antenna bolan 211 metrlik merkezi bölegi Oguz hanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy görnüşi bolup, iki tarapyndan ýörite berk aýna bilen örtülen. Toplumyň esasy bölegi 31 gatdan durýar. 29-njy gatda aýlanýan restoran bolup, ondan ak mermerli paýtagtyň gözelligini synlamak bolýar.

Merkez häzirki zamanyň iň kämil telekommunikasiýa enjamlary — tele we radio apparaturalarynyň täze görnüşleri, montaž, grafiki studiýalar hem beýlekiler bilen üpjün edilen.

Habarlar