turkmenistan-turki-e-diplomatik-gatnasyklary-ola-go-ulmagyny-30-yllygy

Türkmenistan-Türkiýe diplomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynyñ 30 ýyllygy

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy arasyndaky dilomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy.

27 Şubat 2022 13:38

Sowýet Soýuzyñ dargamagy bilen 1991-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistany ilkinji bolup ykrar eden döwlet Türkiýe Respublikasy boldy. Iki ýurduñ arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyñ 29-njy fewralynda ýola goýuldy we Türkiýe Respublikasy Aşgabat şäherinde ilkinji bolup ilçihana açan döwlet boldy.

Türkiýe bilen gatnaşyklara uly ähmiýet beren ýurduñ ilkinji prezidenti Saparmyrat Niýazowdan soñ prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem wezipesine bellenen gününden soñ ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurady.

Türkiýeden Türkmenistana köp sanly ýokary derejeli saparlar guraldy.

Ikı ýurduñ arasynda söwda göwrümi 226 esse köpeldi

Iki ýurduñ arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar 1991-nji ýylyñ 3-nji dekabrynda Ankara şäherinde gol çekilen Söwda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk teswirnamasy bilen başlady.

Iki ýurduñ arasynda söwda göwrümi 1992-nji ýýlda 7,5 million dolarka, 2021-nji ýylda bu mukdar 226 esse köpelip 1,7 milliard dolara ýetdi.

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 2021-nji ýylyñ 27-28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ XV sammitinde eden çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýe arasyndaky söwda göwrümini ilkinji tapgyrda 5 milliard dolara ýetirmegi maksatlaýandyklaryny aýtdy.

Türk firmalary Türkmenistanda gurluşyk pudagynda 50 miliard dolar gymmatynda 1061 taslamany durmuşa geçirdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ýewropada Howpuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolan Türkmenistan we Türkiýe ähli halkara platformalarda birbirine goldaw berýär.

Habarlar