turkmenistan-turki-e-diplomatik-gatnasyklary-ola-go-ulmagyny-30-yllygy

Türkmenistan-Türkiýe diplomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynyñ 30 ýyllygy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

28 Şubat 2022 14:22

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen lideri gutlag hatynda geçen döwrüň içinde doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejelere çykandygyny, özara netijeli hyzmatdaşlygyň baý we oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, iki ýurduñ arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, milli hem-de taryhy umumylyga, medeni we ruhy ýakynlyga, özara hormat goýmaga hem-de birek-birege ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýurtlaryň we halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen lideri, şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Habarlar