turkmenistan-turki-e-diplomatik-gatnasyklary-ola-go-ulmagyny-30-yllygy

Türkmenistan-Türkiýe diplomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynyñ 30 ýyllygy

Türkiýäniñ daşary işler ministrligi,Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyñ arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

28 Şubat 2022 19:57

Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Ýüzlenmede Türkiýäniň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden we ýurtda İlçihana açan ilkinji ýurtdygy nygtalýar.

İki ýurduň arasyndaky medeni we taryhy arabaglanşyklara üns çekilýän ýüzlenmede; “Özara gatnaşyklarymyz we hyzmatdaşlygymyz geçen 30 ýylda halklarymyzyn arasyndaky düýpli taryhy we medeni arabaglanşykdan güýç alýan doganlygymyza laýyklykda özara sarpa goýmagyň hem-de ikitaraply bähbitlere laýyklykda ahli ugurda ösip, güýçlendi. Bilimiz, medeniýetimiz, dini ynanjymyz we taryhy gelip çykyşymyz bizi birek-birege köňülde birleşdirýär” diýdilýär.

Soňky döwürde ähli ugurlarda depgini ýokarlan özara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasyna Synçy agzalygy we iki ýurduň liderleriniň özara saparlary bilen gülläp ösýändigine üns çekilýän beýannamada; “Gelejekde söwda, maýa goýumlary, energetika, ulaglar, medeniýet, bilim we beýleki ençeme ugurlarda ediljek ikitaraply başlangyçlar, özara hyzmatdaşlygymyzyň çäginde hasam giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna goşant goşar” diýilýär.

Beýannamada; “Aradan geçen 30 ýylda Türkmenistan ýurdumyz bilen birlikde halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna hem eý ebolan “baky bitaraplyk” syýasaty blen sebitde durnuklylygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine goşant goşýar. Türkiýe geçmişde bolşy ýaly möhüm özgerlişik we ösüş tapgyryna eýe bolan Türkmenistany gelejekde-de goldamaga dowam eder.

Diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýylyny belläp geçýän buýsançly günümizde ata watan Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy berçinleme we hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda hasam ösdürme ygtyýarymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýilýär.

Habarlar