turkmenistan-turki-e-ozara-b-hbitli-hyzmatdaslyk-osduril-r

Türkmenistan-Türkiýe: Özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Fuat Oktaý Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hususan-da energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belläp, hususan-da Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe formatyndaky hyzmatdaşlyk bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmaga taýýardyklaryny belledi.

03 Temmuz 2022 12:42

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda Aşgabat şäherinde ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem berkidilýär. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň ugurlaryny kesgitlediler. Iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda we Türkiýede guralýan halkara maslahatlara, beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Şol gün türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Onda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleri amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň özara bähbitli täze ugurlary boýunça hem-de beýleki pudaklarda özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyñ prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýäniñ wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidente özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Türkmen lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli jogap sözlerini aýtdy we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly sebitara hem-de halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işine wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkiýäniñ wise-prezidenti Fuat Oktaý, Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasynda Aşgabada guran sapary barasynda metbugata beyanat berdi.

Fuat Oktaý Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hususan-da energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belläp, hususan-da Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe formatyndaky hyzmatdaşlyk bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmaga taýýardyklaryny belledi.

Bu babatda birnäçe hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça teklipleriň taýýarlanandygyny bellän Fuat Oktaý Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynda hem bu ugurdaky teklipleri beýan edendiklerini belledi.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý türkmen gazyny suwuklandyrylan görnüşde tankerler bilen Azerbaýjana ýetirip, ol ýerden hem TANAP gaz geçiriji arkaly dünýä bazaryna çykarmak mümkinçiligini teklip edendiklerini mälim etdi.

Şeýle hem ol “swop” görnüşinde türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana we şol ýerden dünýä bazaryna ýa-da Eýranyň üsti bilen Türkiýe ibermek teklibiniň öňe sürlendigini belledi.

Fuat Oktaý Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýranyň üsti bilen Türkiýe iberilmegi teklibine has içgin gyzyklanma bildirendigini hem belläp geçdi.

Habarlar