turkmenistan-turki-eden-ra-atlary-ucin-carter-ucar-sapary-gurnady

Türkmenistan Türkiýeden raýatlary üçın çarter uçar sapary gurnady

Türkmenistan täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkiýede galan türkmen raýatlary üçin çarter uçar sapary gurady.

25 Eylül 2020 11:36

Türkmenistanyň hökümeti dünýädäki koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan, öz Watanyna dolanyp bilmedik raýatlary yzygiderli ýagdaýda Türkmenistana getirmek babatda degişli işleri alyp barýar. Bu çäkde 24-nji sentýabrda täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkiýede galan türkmen raýatlarynyň 277-si “Boeing-77-200LR” uçary bilen Türkmenabat şäherine getirildiler. 

Ýurda getirilen raýatlar, Bütindünýä saglyk guramasynyň teklibine laýyklykda iki hepdelik hökmany karantinda galarlar.

Türkmenistan ozal pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan, öz Watanyna dolanyp bilmedik raýatlary üçin Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan uçar gatnawlary gurnady.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistan, kowid-19, koronawirus, çarter uçar sapary,

Habarlar