turkmenistan-unisef-bilen-b-s-yllyk-hyzmatdaslyk-sertnamasyna-gol-cekdi

Türkmenistan ÝUNISEF bilen bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifingde " 2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” gol çekmek dabarasy geçirildi.

07 Ekim 2020 13:35

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda  “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” gol çekmek dabarasy geçirildi. Nobatdaky resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň tarapyndan -  ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand gol çekdiler.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistan-ÝUNISEF,

Habarlar