turkmenistan-we-turki-e-merkezi-banky-arasyndaky-hyzmatdaslyk

Türkmenistan we Türkiýe Merkezi banky arasyndaky hyzmatdaşlyk

Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

30 Kasım 2021 17:16

27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistana iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikler tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çäkde hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Habarlar