turkmenistan-we-turki-e-respublikasyny-prezidentini-dususygyny-jemle-ji-resmi

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyñ prezidentiniñ duşuşygynyñ jemleýji resminamasy çap edildi

Jemleýji resminamada, Türkmenistan we Türkiýe arasynda özara bähbitlere esaslanýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiñ ähmiýeti bellendi.

28 Kasım 2021 11:55

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriñ dowamynda Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-türk gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi nobatdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Habarlar