turkmenistana-butindun-sowda-guramasynda-isje-syncy-statusy-berildi

Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda "işjeň synçy" statusy berildi

Bütindünýä Söwda Guramasy, Türkmenistana "işjeň synçy" statusy berdi.

24 Şubat 2022 16:23

BSG-nyñ Baş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyñ ýanyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

Haljanow eden çykyşynda: "Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagy Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has köp integrasiýa edilmegine mümkinçilik döreder" -diýdi.

Mejlisde geçirilen gepleşiklerden soň BSG-nyñ Baş Geňeşiň agza döwletleri, BSG-ny esaslandyrýan Marakeş şertnamasynyň 12-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň arzasyny biragyzdan kabul edip Türkmenistana "işjeň synçy" statusyny bermek kararyny kabul etdi.

BSG-a girmek baradaky arzany Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniñ başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow gol çekip Bütindünýä Söwda Guramasynyñ baş direktory Ngozi Okonžo-Iweala gowşurypdy.

Habarlar