turkmenistanda-12-nji-martda-prezident-sa-lawy-geciriler

Türkmenistanda 12-nji martda prezident saýlawy geçiriler

Türkmen halky ertir 12-nji martda öz täze prezidentini saýlar.

12 Mart 2022 19:43

Ýurt derejesinde 2577, daşary ýurtlarda bolsa 41 saýlaw merkezi döredildi. Ses bermek işleri irden sagat 07:00-da başlar we agşam sagat 19:00-a çenli dowam eder.

Saýlaw ýurdyň öz içindäki synçylar bilen birlikde Garaşsyz Döwlet Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Türki döwletleriñ guramasynyň we daşary ýurtlaryň synçylary tarapyndan gözegçilik ediler

Saýlawda Merkezi Saýlaw Geňeşine ýüz tutan 9 dalaşgär özara bäsleşýär. Şolaryň 3-si partiýalardan, beýleki 6 dalaşgär bolsa raýat toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlendi.

Prezident saýlawyna gatnaşýan dalaşgärler: Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokrat partiýasyndan, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Oba hojalyk partiýasyndan, Sadyk gurluşyk ykdysadyýet žurnalynyň başlygy Babamyrat Meredow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgär hödürlendi.   

Lebap welaýatyndan Perhat Begenjow, Balkan welaýatyndan Berdimyrat Gurbanow, Ahal welaýatyndan Maksatmyrat Öwezgeldiýew,  Mary welaýatyndan Kakageldi Saryýew, paýtagt Aşgabat şäherinden Hydyr Nunnaýew, Daşoguz welaýatynda Maksat Ödeşow raýat toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlendi.

Habarlar