19 Mayıs 2022 15:23
Paýtagt Aşgabatdaky Atatürk seýilgähine gül çemeni goýma çäresine Türkiýäniñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ işgärleri, Aşgabat şäher häkimiñ orunbasary Merjen Geldiýewa, Türk işewür adamlary we köp sanda mugallym we okuwçy gatnaşdy.
Hatyralama çäresi bir minutlyk hormat dymyşlykdan soñ iki ýurduñ döwlet senasynyñ ýañlanmagy bilen başlady. Yz ýanyndan Mustafa Kemal Atatürkiñ ýadygärligine gül-çemeni goýuldy we bilelikde surada düşüldi.
Baýramçylyk çäresi Aşgabat Türkmen-Türk mektebinde dowam etdi. Baýramçylyk güni mynasybetli edilen çykyşlardan soñ okuwçylaryñ taýarlan konserti başlady. Konsertde okuwçylaryñ arasynda geçirilen sport bäsleşiginiñ netijeleri yglan edildi we ýeniş gazanan toparlara medal we üstünlik şahadatnamasy gowşuruldy.