turkmenistanda-2021-nji-ylda-83-milliard-772-9-million-kub-metr-tebigy-gaz-cyka

Türkmenistanda 2021-nji ýylda 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gaz çykaryldy

2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanylyp 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gaz çykaryldy.

12 Şubat 2022 12:55

2022-nji ýylyñ 11-nji fewralynda Maslahat köşgünde hormatly Prezident, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekki 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň beýleki möhüm soraglaryna garamak meseleleri girizildi.

Mejlisiñ dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe benzin öndürmek boýunça meýilnama 105 göterim, bitum öndürmek boýunça 142,3 göterim, polipropilen öndürmek boýunça 105,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylda tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 120,1 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça meýilnama 129,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijiniň gazanylandygy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gazyň çykarylandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biriniň nebitgaz pudagyny ösdürmekden we ony döwrebap ýagdaýa getirmekden ybaratdygyny belledi.

Şeýle hem uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmekden, onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny emele getirmekden ybaratdyr diýip, milli Lider nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilmelidir, täze känleri gözlemek, özleşdirmek we önümleri çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary köp çekilmelidir.

Milli Lider nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, täze känleri gözlemek maksady bilen, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Nebitdag, Altyguýy, Uzynada, Günorta Uzynada, Keýmir, Akpatlawuk känleriniň işjeň ösdürilmelidigini, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleriň hem dowam etdirilmelidigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutany nebitiň düýpli gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak hem-de ýokary goşulan bahasy bolan täze önümleri öndürmek boýunça-da zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebitgaz toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň täze ugurlarynyň hasabyna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça strategik taýdan möhüm taslama işjeň amala aşyrylmalydyr, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler hem dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Habarlar