turkmenistanda-50-yldan-gowrak-wagt-b-ri-anyp-duran-gaz-krateri-sonduriler

Türkmenistanda 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýanyp duran gaz krateri söndüriler

Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durmagy, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini sebäpli ony söndürmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

10 Nisan 2022 15:39

Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda türkmen energiýa çeşmeleriniň halkara bazarlardaky orny ara alynyp maslahatlaşyldy.

“Halkyň arkadagly zamanasy” ady bilen geçirilen halkara maýa goýum foruma nebit we gaz senagatynyň gelejegini kesgitleýän hünärmenler, dünýäniň energiýa bazarlaryny ugrukdyrýan ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen birlikde milli we halkara maliýe guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn görnüşde gatnaşan wekilleriň hem bolan forum ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýüzlenmesiniň okalmagy bilen başlady. Ýangyç we energetika pudagynyň özgerdilmegi üçin uly göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdan Berdimuhamedow, Ýewropadan Aziýa, Demirgazykdan Günorta çenli energetika boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini habar berdi. Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna açylmagynyň dünýä energetika howpsuzlygyna položitel goşant goşjakdygyny aýdan Döwlet baştutany, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygynyň tiz depginler bilen dowam edýändigini mälim etdi.

Forumda tebigy gaz ätiýajy boýunça dünýäde ilkinji 5-lige girýän türkmen gazynyň ýurtlara gaz üpjünçiligi we maýa goýumlary maslahatlaşyldy.

35 ýurtdan 400-den gowrak topar Türkmenistanyň sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki rolunyň üstünde durup geçdiler, global energetika ulgamynyň gelejegini maslahatlaşdylar, durnukly energiýany goldamakda maliýe guramalarynyň täsiri barada pikir alyşdylar.

Halkara forumyñ çäginde ýurduñ Derweze sebitinde  ýanyp duran gaz krateriñ söndürülmegi meselesi hem güntertibe getirildi.

Türkmenistanyň tebigy gaz gözleg institutynyň müdiri Baýrammyrat Pirniýazow forumda eden çykyşynda Derweze sebitiñ geologiki gurluşygynyň türkmen alymlary tarapyndan barlagdan geçirilýändigini belläp sebitde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durmagy, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini sebäpli söndürüljekdigini aýtdy.

Gaz krateriñ söndürülmegi üçin daşary ýurtlardan teklipler bar

Forumda, Derweze sebitinde ýanyp duran gaz krateriň  söndürülmegi boýunça daşary  ýurtlardan teklipleriñ gowşup durýandygy bellendi. Bu çäkde Belarus we Sloweniýanyň alymlary taslamanyň durmuşa geçirilmegine türkmen tarapyna gatnaşmak isleýändiklerini habar berdiler.

Ýewropa Dikeldiş we Ösüş Bankynyň başlygy Odile Renaud-Basso, atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmakda we Derweze sebitindäki gaz kraterdäki tebigy gazyň ýaýramagynyň öňüni almakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny aýtdy.

Habarlar